Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iň gowy ýarym goragçysy Moskwanyň “Spartagynyň” esasy düzüminde türgenleşýär

0
970
0
0

Aşgabadyň “Kolhozçysynyň” öňki belli futbolçysy Wadim Poluboýarinowyň ogly Danil Russiýanyň çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň myhmançylykda Permiň “Amkaryna” garşy geçiriljek duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde Moskwanyň “Spartagynyň” esasy düzümi bilen türgenleşmäge çekildi.

Türgenleşikler “Spartagyň” Tarasowkadaky bazasynda alnyp barylýar. Netijede 22-nji awgustda 18 ýaşly oýunçy gyzyl-aklaryň esasy toparynyň düzümindäki ilkinji duşuşygyny geçirip biler. Duşuşyk Permde Aşgabat wagty bilen 17.00-da geçiriler.

Dmitriý Aleniçewiň ýolbaşçylyk edýän toparyna çagyrylmagyna futbolçynyň ýaşlar düzümdäki ynamly oýny sebäp boldy. Şu möwsümde ol ýaşlar çempionatynda bäş duşuşyga gatnaşdy.

Danil Poluboýarinow futbol bilen Twer şäheriniň SDÝUŞOR-ynda meşgullanyp başlady. Moskwada geçen ýaryşlaryň birinde 10 ýaşly Danil “Spartagyň” futbol akademiýasynyň hünärmenleriniň gözüne ildi, olar oglanjygy öz toparlaryna çagyrdylar. Şondan soň, Danil “Spartagyň” ýetginjekler toparynda paýtagtyň çempionatynyň we beýleki ýaryşlaryň duşuşyklaryna gatnaşmak üçin iki ýyllap her ýekşenbe güni kakasy bilen elektriçkada Twerden Moskwa gatnady. Diňe şondan soň, gyzyl-aklaryň akademiýasyna bardy.

2012-nji ýylda Danil Poluboýarinow Russiýanyň ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzüminde (1997-nji ýylda doglanlar) Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyna gatnaşdy we bäsleşigiň iň gowy ýarym goragçysy boldy.

Janköýerleriň pikirine görä, Danil Poluboýarinow 2014/2015-nji ýyllaryň möwsüminde bir oýunda iň owadan iki pökgi geçiren futbolçy hökmünde bellenildi.

Onuň kakasy Wadim Poluboýarinow Twer şäheriniň SDÝUŞOR-ynda tälimçi bolup işleýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru