«Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

0
652
4
0

19-njy awgustda Türkmenbaşy şäheriniň «Tolkun» seýilgähinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça tapgyry geçirildi. Açyk asmanyň astyndaky sahnada geçen bu bäsleşige welaýatyň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçilişlerde saýlanan zehinli ýaş aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň netijesinde Esenguly etrabyndan Abadangözel Seýdalyýewa we Serdar şäherinden Rüstem Hallyýew ýeňiji diýlip yglan edilip, olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru