Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň “Mizan” işewürlik merkezinde türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi

11:4220.08.2015
1
2881

19-njy awgustda paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde türkmen-eýran  işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň, gatnaşyklaryň has möhüm ugurlaryny kesgitlemegiň meseleleri girizildi. Maslahaty Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilelikde guradylar.

Duşuşygyň barşynda iki goňşy ýurduň taraplaryň hoşniýetli erkine, köpýyllyk tejribä we özara bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge bolan meýillere daýanýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda gyzyklanma bildirýän pikir alyşmalar boldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bar. Şeýle hem Eýran tarapyndan goňşy ýurduň ýangyç-energetika toplumynda, gurluşyk materiallarynyň önümçiliginde, himiýa senagatynda we oba hojalygynda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň, firmalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. Şol sanda maslahata “Pars Pegah Tejarat”, “Iriteс”, “Sadid Group” we beýleki kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, bu gezekki duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna hyzmat eder we hyzmatdaşlygyň geljegine oňyn täsirini ýetirer. Hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani öz ýurdunyň işewür toparlarynyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan hem-de dünýäde ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen döwlet bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýokary gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Ýangyç-energetika pudagy, söwda-ykdysady ulgam, himiýa senagaty, oba hojalygy  we azyk önümleriň önümçiligi ýaly pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ýurdumyzda daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilmegi Eýranyň işewür toparlarynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklara bolan gyzyklanmalaryny ýokarlandyrýar diýip, myhmanlar bellediler.

Maslahatyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň we dürli pudaklarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Onuň barşynda ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşmalar boldy we Türkmenistanyň we Eýranyň iki goňşy halkyň bähbidine laýyk gelýän köp asyrlyk dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň