Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda türkmen-täjik gepleşikleri başlandy

11:0120.08.2015
0
3573

Şu gün Aşgabatda ýokary derejede türkmen-täjik gepleşikleri başlandy. Oňa gatnaşmak üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça düýn agşam türkmen paýtagtyna Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon resmi sapar bilen geldi.

Soňky ýyllarda ýokary we hökümet derejesinde ikitaraplaýyn saparlaryň çäginde  türkmen-täjik duşuşyklarynyň barşynda taraplar  goňşy döwletleriň  mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmagyň örän möhümdigini  tassykladylar. Bu bolsa dürli ugurlarda, ilkinji nobatda bolsa, ählumumy ösüşiň esasy ugry hökmünde aýratyn üns berilýän energetika we ulag ulgamynda giň mümkinçilikleri açýar. 

Muny umumy tagallalar netijesinde durmuşa geçirilýän möhüm sebit maksatnamalary, şol sanda Türkmenistan- Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý gaz geçirijisiniň we Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygy  hem aýdyň görkezýär. Bu maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi  yklym ähmiýetli kuwwatly ulag-  aragatnaşyk  ulgamyny döretmegiň hasabyna,  halkara hyzmatdaşlygyny hem-de ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga  we  ösdürmäge ýardam berer.  Şeýlelikde,  uly geljegi nazarda tutýan hyzmatdaşlyk diňe bir iki doganlyk ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gabat gelmek bilen çäklenmän, eýsem, sebit we halkara ýagdaýlaryna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň okgunly ösüşiniň esasy görkezijisi hökmünde daşary söwda dolanyşygynyň we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň soňky ýyllarda  yzygiderli ösüşini görkezmek bolar.  Muňa 2007-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça  döredilen söwda-ykdysady we ylmy-tehniki  hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-täjik toparynyň işi gönüden-göni ýardam berýär.

Şeýlelikde, iki goňşy döwletiň mundan beýläk-de ýakynlaşmaga bolan meýilleri we ýygjam, netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy Prezident Emomali Rahmonyň ýurdumyza boljak saparynyň üstünligini şertlendirýär. Munuň özi türkmen-täjik gatnaşyklarynyň täze taryhynyň ýylýazgysyna möhüm sahypany ýazar.

Iki ýurduň Liderleriniň nobatdaky duşuşygy Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň däp bolan gatnaşyklary köpugurly esasda ösdürmäge we asyrlarboýy mizemez dostluk ýörelgesine eýerýän, şeýle hem medeni, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, iki halkyň däp-dessurlarynyň taryhy taýdan umumylygyna esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň häzirki döwürde üstüniň ýetirilmegine kuwwatly itergi berjekdigi gürrüňsizdir.

Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça taraplaryň ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekmegi göz öňünde tutulýar. Munuň özi netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de  ösdürilmegine ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň