Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

14:3519.08.2015
0
1779

18-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky, dokuzynjy maslahaty boldy. Oňa deputatlar bilen birlikde degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary babatda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesi girizildi – diýip, «Türkmenistan» gazetinde berilýän habarda aýdylýar.

Maslahatyň barşynda “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda”,  “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda”, “Şähergurluşyk işi hakynda”, “Öri meýdanlary hakynda”,  “Balaryçylyk hakynda”, “Professional sport hakynda”, “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda”,  “Gyzyl Ýarymaýyň we Gyzyl Haçyň nyşanlaryny peýdalanmak we goramak hakynda”,  “Notariat we notarial işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryna garaldy.

Bulardan başga-da, maslahatda “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk iş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda”, “Karz edaralary we bank işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”,  “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanda inwestision işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.    

Deputatlar tarapyndan garalan beýleki kadalaşdyryjy-hukuk resminamalarynyň hatarynda  “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary hem bar.

“Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Girdejiler we maýa üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Awstriýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýany tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň kabul edilmegi maslahatyň gün tertibiniň esasy bölegine öwrüldi, şeýle hem guramaçylyk meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Mejlisiň bäşinji çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda gün tertibine girizilen kanun taslamalarynyň hemmesi goldanyldy hem-de biragyzdan kabul edildi. Maslahatyň ahyrynda deputatlar täze kanunçylyk namalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzy durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeler ýoly boýunça depginli öňe ilerletmek babatda öňde goýan ägirt uly wezipelerini mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň