Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolunyň uçurymy Russiýanyň ýaşlar ýygyndysyna ýolbaşçylyk eder

10:0919.08.2015
0
3118

Türkmen futbolunyň uçurymy Dmitriý Homuha Russiýanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň (21 ýaşa çenli) baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada öz resmi saýtynda Russiýanyň futbol soýuzy (RFS) habar berýär.

45 ýaşly hünärmen bilen 2017-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň saýlama böleginiň ahyryna çenli niýetlenen şertnama baglaşyldy. Russiýanyň ýaşlar ýygyndysynyň öňki ýolbaşçysy Nikolaý Pisarew bolsa öz işini RFS-iň sport direktory hökmünde dowam etdirer.

—Russiýanyň ýaşlar ýygyndysyna ýolbaşçylyk etmegi teklip edendikleri we ynam bildirendikleri üçin RFS-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirýärin — diýen D.Homuhanyň sözleri RFS-iň resmi saýty getirýär. — Bu — meniň üçin diýseň hormatly we jogapkärli. Öňde goýlan maksatlara ýetmek, esasan-da, 2017-nji ýylyň Ýewropa çempionatynyň final bölegine ýollanma gazanmak üçin elimizde baryny ederis. Toparçamyzda çykyş edýän Germaniýa, Awstriýa, Finlýandiýa güýçli garşydaşlar. Ýöne biz şeýle jogapkärli wezipäni ilkinji gezek geçemzok, şonuň üçinem biz bu synaga taýýar. Tälimçiler topary barada aýdylanda, oňa maňa Russiýanyň ýetginjekler ýygyndysynda kömekleşen adamlar girerler. Gürrüň Wladimir Skokow, Nikolaý Koçeşkow, Alekseý Orlow barada barýar. 4-nji sentýabrda biz Finlýandiýada Ýewro — 2017-niň ilkinji saýlama duşuşygyny geçireris. Şonuň üçin topar 31-nji awgustda ýygnanyşar we eýýäm 2-nji sentýabrda duşuşygyň geçiriljek ýerine — Kotka ugrar. 8-nji sentýabrda Awstriýada ikinji duşuşygymyzy geçireris.

Dmitriý Homuhanyň 1969-njy ýylyň 23-nji awgustynda Pöwrize pasýologynda (Aşgabat şäheriniň häzirki Arçabil etraby) doguldy. Ol futbol bilen Aşgabat şäheriniň futbol mekdebinde Waleriý Nepomnýaşiniň elinde meşgullanyp başlady. 2-nji klasdan tä orta mekdebi tamamlaýança çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde hem-de sport internatynda Täçmyrat Agamyradowdan tälim aldy. Ussatlar toparlaryndaky çykyşlaryna 1985-nji ýylda Aşgabadyň “Köpetdagynda” başlady. Ol oýnan toparlarynda, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndysynda hem jerime urgularyny ýerine ýetirmegiň ussady hökmünde özüni tanatdy. Milli ýygyndynyň düzüminde Bangkokda (Tailand) geçirilen XIII Aziýa oýunlarynyň çärýek finalçysy boldy.

Dmitriý Homuha tälimçilik ýolunda 2006-njy ýylda, SSKA-nyň çagalar-ýetginjekler sport mekdebinde başlady. 2010-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Russiýanyň 1996-njy ýylda doglanlardan ybarat ýetginjekler ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi. Bu topar bilen iki ýyl mundan ozal Ýewropa çempionatynyň (17 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda) ýeňijisi boldy, şu ýyl bolsa Ýewropa çempionatynyň (19 ýaşa çenli) wise-çempiony boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň