Eýran Yslam Respublikasynyň XI ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşyjylara

09:1219.08.2015
0
2502

Hormatly sergä gatnaşyjylar! 
Gadyrly myhmanlar!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XI ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Her ýyl Aşgabatda geçirilýän bu çäräniň taraplaryň türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek görkezjekdigine berk ynanýaryn!

Turkmenistan özüniň ykdysady kuwwatyny barha artdyrýar, giň gerimli özgertmeleri yzygiderli durmuşa geçirýär, in täze tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrýar. Bu bolsa, geljegi uly türkmen bazarynda is alyp barýan daşary ýurtly hyzmatdaşlarda, şol sanda eýranly işewürlerde ägirt uly gyzyklanma döredýär. Aşgabatda geçirilýän bu sergi hem munuň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Ata Watanymyzyň halk hojalygyna täze tehnologiýalary we ylmyň in soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda, berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine layyklykda döwrebaplaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçinem, iki ýurduň arasynda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklar ýola goýulýar. Bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň, türkmen-eýran işewürlik maslahatlarynyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek isleýärin.

Dostlukly goňşy ýurduň paýtagtymyzda her ýyl geçirilýän sergisi Turkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Ägirt uly ylmy we senagat mümkinçiliklerini görkezýän bu sergi iki goňşy ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gönükdirilendir.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilýän sergi Eýran Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň Turkmenistan bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge çalyşýandygyny nobatdaky gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezer. Sergä gatnaşýanlarda köpugurly sergi bilen tanyşmaga, geljekki meýilnamalary we işewür başlangyçlary kesgitlemäge mümkinçilik döreder.

Sergä gatnaşýan gadyrly myhmanlar!

Hormatly adamlar!

Men türkmenistanly we eýranly hünärmenleriň hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça taslamalary dowam etdirmekde bu serginiň uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn!

Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň XI ýöriteleşdirilen sergisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, abadançylyk, türkmen we eýran halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de berkemegi, Türkmenistanyň we Eýranyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürilmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň