Soňky habarlar

Arhiw

“Margiana” Medeniýet öýünde “Seniň gülüň — iň gowusy!” atly bäsleşik geçirildi

17:2118.08.2015
0
3530

Mary şäheriniň “Margiana” Medeniýet öýünde “Seniň gülüň — iň gowusy!” atly bäsleşik geçirildi. Oňa welaýatyň etraplaryndan we şäherlerinden keçe basmak işiniň belli ussatlary gatnaşdylar işiň ähli bölekleri: gülleriň nusgasynyň ýasalyşy, basmaga taýýarlanyşy, hususan-da, keçe basylyşy we taýýar önüm görnüşine getirilişi barada gürrüň berýän wideoýazgylary görkezdiler.

Bäsleşigiň soňky şertlerinde ussat zenanlar halk döredijiliginiň eserleriniň we şahyrana setirleriň üsti bilen keçe önümçiliginiň taryhyndan söhbet açdylar, şeýle hem bu önümiň artykmaç taraplaryny taryp etdiler.

Netijede birinji orny Sakarçäge etrabynyň, ikinji ýeri Türkmengala etrabynyň, üçünji orny Baýramaly etrabynyň keçe ussatlary eýelediler. Gran-pri baýragyna bolsa Marynyň ussat zenanlary mynasyp boldular we döwlet derejesinde geçiriljek jemleýji bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň