Ylmy-gumanitar ulgamy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

0
862
0
0

14-nji awgustda geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipeleriniň çäklerinde ylmy-gumanitar pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

14-nji awgustda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň we Türkmenistanda 2015-2020-njy ýyllarda intellektual eýeçiligi ösdürmegiň maksatnamasy kabul edilip, takyk we tebigy ylmy ulgamynda nano we himiýa tehnologiýalaryň, täze materiallary öwrenmek, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamy we kompýuter tehnologiýasy, häzirkizaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet we ynsanperwer ylymlary ýaly ugurlary ösdürmek boýunça zerur çäreler göz öňünde tutuldy.

Milli taryhymyzy öwrenmek, türkmen halkynyň edebi we medeni mirasyny dünýä ýüzünde wagyz etmek, daşary ýurtly alymlar bilen bilelikdäki barlaglary geçirmek hem-de ylmy işleri çap etmek bilen baglanyşykly meseleler maslahatyň esasyny düzdi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we onuň garamagyndaky ähli  guramalaryň ýurdumyzyň öňdebaryjy innowasion-tehnologiýa we

tejribe-synag merkezi hökmündäki işiniň hil taýdan gowulandyrylmagyna gönükdirilen anyk çäreleriň hatarynda ylmy-barlag işleriniň, şol sanda taryh we medeniýet ulgamyna degişli barlaglaryň baş utgaşdyryjysy bolup durýan akademiýanyň ornuny ýokarlandyrmak babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi.

Alymlaryň, arheologlaryň, sungaty öwrenijileriň, edebiýaty öwrenijileriň, etnograflaryň we medeni mirasymyzyň ýadygärliklerini öwrenmek hem-de goramak bilen baglanyşykly beýleki hünärmenleriň özara düşünişmegini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda taryhy-medeni barlaglar babatda türkmen we daşary ýurtly alymlaryň bilelikdäki işini utgaşdyrýan ýörite guramanyň—Ylmy geňeşiň döredilmegi hakyndaky teklip öňe sürüldi.

Bu düzümiň işine diňe bir özara gatnaşyklar boýunça meýilnamalary taýýarlamak däl, eýsem barlaglaryň netijeleri boýunça taýýarlanylan makalalara, gollanmalara we kitaplara Türkmenistanyň taryhynyň etniki we medeni aýratynlyklary nazara alnyp, oňa bilermenleriň synyny we makalalara seljermeleri taýýarlamak wezipesi girýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanynda ýurdumyzyň ýadygärliklerini toplumlaýyn öwrenýän ýörite ylmy-barlag ekspedisiýasyny döretmek teklip edildi we oňa talyplaryň we aspirantlaryň çekilmeginiň maksada laýyk boljakdygy bellenildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylarynyň öňe süren birnäçe başlangyçlarynda bu pudagyň kadalaşdyryş-hukuk üpjünçiligini kämilleşdirmek, milli taryhy-medeni  mirasa degişli desgalary goramak baradaky hereket edýän kanunçylyga üýtgetmeleri  we goşmaçalary girizmek boýunça meselelere deglip geçildi.

Şeýle hem taryhy bilimleri, maglumatlary, wakalary, türkmen halkynyň özboluşly medeni gymmatlyklaryny diňe bir ugurdaş döwlet edaralarynyň işiniň üsti bilen däl, eýsem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz etmegiň wajypdygy, taryhy-medeni miras ugruna degişli jemgyýetçilik we halkara taslamalaryna goldaw bermegiň möhümdigi bellenildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru