Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ykdysadyýeti yzygiderli ösüş ýolunda

21:2716.08.2015
0
8397

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň netijeleri barada hasabat berildi.  Hasabat döwründe ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga, türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen iri möçberli işler amala aşyryldy.

Şu ýylyň ýedi aýynyň makroykdysady görkezijilerine laýyklykda, jemi içerki önümiň ösüş depgini 108,7 göterim derejesinde, şol sanda ösüşler senagat pudagynda 104,4 göterim, gurluşykda 112,6 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda  111,9 göterim, söwdada 113 göterim, oba hojalygynda 112,2 göterim we hyzmatlar ulgamynda 112,1 göterim üpjün edildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda önüm öndürilişiniň ösüş depgini 107,5 göterime deň boldy. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary önümçilik görkezijilieri gazanyldy.

Bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2014-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 19,5 göterim artdy. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10 göterim ýokarlandy. Halkyň sarp edýän harytlarynyň we ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenen çäklerde saklanyldy.

Şu döwürde daşary söwda dolanyşygynda hem ösüşler hasaba alyndy.

Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan jemlenen maglumata görä, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň hasabyna harytlaryň we edilýän hyzmatlaryň eksportyndan daşary yurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagy boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişiniň netijeleri barada hem habar berildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli serişdeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 27,7 milliard manada barabar boldy, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda ösüş depgini 107,9 göterime deň boldy.

Hökümet maslahatynda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşindäki Milli maksatnamasynyň" durmuşa geçirilişiniň depginleri barada hem hasabat berlip, ýedi aýyň dowamynda suw arassalaýjy desgalaryň 2-sinde, durmuş ähmiýetli desgalaryň 29-synda gurluşyk işleriniň tamamlanandygyny aýdyldy. Häzirki wagtda desgalaryň we binalaryň jemi 138-sinde işler alnyp barylýar, 1 million inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň desgalarynyň gurluşygy dowam edýär. Degişli maglumatlara görä, şu ýylyň ýedi aýynda 3 milliard manat möçberde maýa goýumlary özleşdirildi.

Welaýatlaryň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda desgalaryň 141-siniň gurluşygy tamamlandy we 164 desgada gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Hasabat döwri Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen hem häsiýetlenýär. Ýurdumyzyň esasy maliýe meýilnamasynyň girdeji bölegi 102,4 göterime, çykdajy bölegi bolsa 90,1 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, salgytlar görnüşinde gelip gowuşýan daşary yurt pul serişdeleriniň möçberi 10,4 göterim artdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary makroykdysady görkezijileriniň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýändigini belledi.  Şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça milli maksatnamalarda kesgitlenen ähli meýilleşdirilen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekip, ykdysady ösüşiň yzygiderli ösüş depginini saklamak üçin maliýe düzümleriniň we bank edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň