Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumy: ýylyň ýedi aýynyň netijeleri we öňde duran maksatlar

21:2316.08.2015
0
1822

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa 2015-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda ulag we aragatnaşyk toplumynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça hasabat döwründe ýolagçy we aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilip, meýilnama 118,7 göterim, ösüş depgini 120,1 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirlen işleriň ösüş depgini 125,7 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirlen hyzmatlaryň ösüş depgini 124,6 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 103 göterime, ýolagçy gatmakda 101,1 göterime barabar boldy.

Ýanwar-iýul alarynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 106,1 göterime deň boldy. Hasabat döwründe ilatyň aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen ýurdumyz boýunça 354,3 müň , şol sanda 331,5 müň öýjükli belgi, 5,8 müň radio telefon belgi we 17 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 2,4 esse ýerine ýetirildi. Geçen döwürde Oba milli maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde 1 müň 544 telefon belgilik beketler gurnaldy we 1 müň 292 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi.

“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullygy boýunça hasabat döwründe awiahyzmatlary ýerine ýetirmekde, ösüş depgini 118,7 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük we ýolagçy dolanyşygynda degişlilikde 100,8 göterime göterime we 100 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullygy boýunça ýanwar-iýul aýlarynda işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 130 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmakda 125 göterim üpjün edildi.

Şeýle hem  Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Häzir Türkmenistanda telekommunikasiýalar ulgamyny toplumlaýyn ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti onyň işini has-da kämilleşdirmegiň we talap edilýän ýokary hili gazanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Internetiň we döwrebap tehnologiýalaryň ýurdumuzyň her bir raýaty üçin elýeterli bolmagy babatda ähli şertler döredilýär.

Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine enjamlary satyn almak, gurnamak we işe girizmek boýunça şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýerli telefon aragatnaşyk ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň