Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumy boýunça ýedi aýyň meýilnamasy 127,2 göterim amal edildi

21:2116.08.2015
0
3931

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle hem ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

Hasabat döwründe gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasynyň 127,2 göterim ýerine ýetirilendigini, ösüş depgininiň bolsa 117,8 göterime deň boldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça degişli döwürde öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 124,4 göterime, ösüş depgini bolsa 116,4 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça 2015-nji ýylyň ýedi aýynda öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň möçberi boýunça ösüş depgini 129,4 göterime deň boldy. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 102,1 göterim üpjün edildi.

Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 112,5 göterim ýerine ýetirildi.

“Türkmenawtoýollary” döwlet konserni boýunça hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň ösüş depgini 106,5 göterime barabar boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gurluşyk senagatynyň ösüşiň hil taýdan täze derejä çykýandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Köpsanly desgalaryň gurluşygynyň depgininiň barha ýokarlanmagy hem-de pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi hem munuň şeýledigini tassyklaýar. Şunuň bilen baglylykda, gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmak we olaryň möhletini berk berjaý etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamak wajypdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilata edilýän durmuş hyzmatlarynyň derejesini gowulandyrmak maksady bilen, jemagat hojalygynyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady we bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamak barada degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň