Arhiw

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk hem ösdürmek barada möhüm wezipeler kesgitlendildi

21:1816.08.2015
0
1357

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy hem-de geçen ýedi aýda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgininiň 107,8 göterim, buraw işleriniň ösüş depgininiň 136,7 göterim, özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgininiň 148,3 göterim bolandygy bellenildi.

Nebitgaz çig malyny gaýtadan işlemek we nebit önümlerini öndürmek babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hem-de kärhanalarda, edaralarda, guramalarda, ýaşaýyş jaýlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny oturtmak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.

Şeýle hem Aşgabatda Ýaponiýanyň birnäçe iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri barada hasabat berildi. Şol duşuşyklaryň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama gol çekildi.

Türkmen paýtagtynda geçirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan uly gaz geçirijisini gurmagyň taslamasy boýunça Ýolbaşçy toparynyň 22-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berildi. Şol mejlisiň barşynda TOPH taslamasynyň gurluşygynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine degişli meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň biragyzdan ýolbaşçylygyna saýlanyldy.

Berlen hasabaty diňläp, döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde ýagdaýlar çalt üýtgeýär. Bu bolsa dünýä energetika bazaryna, şol sanda ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem öz täsirini ýetirip biler. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän ýaramaz ýagdaýlaryň ykdysadyýetimize ýetirip biljek täsiriniň öňüni almaga gönükdirilen çeýe syýasaty alyp barmak häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Häzir energiýa serişdelerine dünýä bazarynda nyrh peselýändigini, şeýle ýaramaz täsirleriň öňüni almagyň we ykdysadyýetimize ýetirip biljek zyýanynyň öwezini dolmagyň ýollaryny gözlemegiň esasy wezipe bolup durýar.

Türkmen döwletiniň Baştutany türkmen tebigy gazyny daşary ýurtlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, şeýle hem täze önümleri öndürýän döwrebap önümçilikleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleri çalt depginler bilen dowam etmegi talap edip, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy baradaky meseläniň üstünde durup geçip, iri möçberli bu energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny nygtady. Ol oňa gatnaşyjy ýurtlar üçin ykdysady bähbitlerden başga-da, dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň hem-de umumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň maksatlaryna gabat gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň hakyky “köprüsine” öwrülmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti geljekki transmilli gaz geçirijisiniň geografiki ugrundan örän giňdir. Eýýämden ol barada hakyky birleşdiriji we durnuklaşdyryjy ýagdaýlar diýip aýdyp bolar. Ol taslama geljekde Merkezi we Günorta Aziýadaky we umuman, sebitdäki ýagdaýlara oňyn täsir etmäge, yklymda syýasy we ykdysady aragatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk bermäge ukyply bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň