Türkmenistanda medenýetiň we sungatyň ösdürilişi halkara derejesinde

21:1116.08.2015
0
1140

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň medeniýet ulgamy boýunça şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berildi.

Hasabatyň çäklerinde halkara ähmiýetli wakalaryň ençemesiniň, şol sanda Hytaýda, Hindistanda, Gazagystanda, Ermenistanda we Täjigistanda möhüm çäreleriň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaralarynyň geçirilendigi habar berildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri Ermenistan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda we Horwatiýa Respubilkasynda, ýurdumyzda Eýran Yslam Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirildi. Häzirki wagtda Mongoliýada Türkmenistanyň Medeniýet günlerini geçirmäge, şeýle hem Belgiýa Patyşalygynda, Niderlandlar Patyşalygynda, Gazagystan Respubilkasynda we Şweýsariý Konfederasiýasynda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hormatyna döredijilik çärelerini guramaga taýýarlyk görülýär.

2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde çäreler dowam edýär. Neşirýat işi kämilleşdirilýär. Geçen ýedi aýyň dowamynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 212 görnüşi çap edildi. Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan dünýä bileleşigini Türkmenistanyň dürli ulgamlarda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň