Soňky habarlar

Arhiw

«Köpetdag» futbol baş tälimçisi Saýit Seýidow bilen söhbetdeşlik

21:0016.08.2015
0
3661

IŞIŇ ILERI, «KÖPETDAG»!

Türkmen futbolynyň taryhynda uly yz goýan «Köpetdag» toparynyň adynyň ýene-de tutulyp başlanmagy — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda hut şeýle at bilen futbol klubunyň döredilmegi ildeşlerimizde uly şatlyk döretdi. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň 4-nji awgustynda bolsa türkmen futbolynyň taryhynda täze bir sahypa ýazylyp, şol gün hormatly Prezidentimiziň şu ýyl döredilen we eýýäm netijeli duşuşyklary bilen janköýerlerini begendirip bilýän «Köpetdag» futbol toparynyň Mary şäheriniň «Merw» topary bilen Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň çäginde geçirilen duşuşygyna gatnaşmagy bu ýere gelen ildeşlerimiz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şol taryhy gün uly umyt bilen ýurdumyzyň milli birinjiliklerinde çykyş edip başlan toparyň futbolçylary üçin aýratyn ýakymly gün bolup galdy. Şol günüň ýakymly täsirleri, «Köpetdag» stadionynda edilen işler, toparyň döreýşi, kämillik ýoly we geljekki maksatlary baradaky gürrüňler «Köpetdag» futbol toparynyň baş tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sayit Seýidow bilen eden söhbetdeşligimiziň özenini düzdi.

Biziň söhbedimiz şol taryhy gün hakyndaky gürrüňden başlady.

— Hakykatdan-da, 4-nji awgustda hormatly Prezidentimiziň «Köpetdag» hem-de «Merw» futbol toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyga gelip, biziň toparymyza döwrebap awtobusyň açaryny sowgat etmegi, toparyň täze nyşanyny gowşurmagy, ak ýürek bilen sowgat eden 15 belgili futbol köýnekçämizi kabul edip, biziň bilen ýadygärlik surata düşmegi toparymyzyň ýolbaşçylary üçin hem, tälimçilerdir futbolçylar düzümi üçin hem ajaýyp waka boldy. Milli Liderimiziň futbolçylarymyz bilen ýeke-ýekeden elleşip salamlaşmagy, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklanmagy, ýürekdeş gürrüňdeşlik futbolçylarymyzy şol günki möhüm ýeňşe ruhlandyran esasy aýratynlykdyr. Hormatly Prezidentimize türkmen sportuny ösdürmek ugrunda edýän aladalary üçin hoşallygymyzyň çägi ýok.

— Saýit Ýusubowiç, gürrüňimizi «Köpetdag» futbol toparynyň döredilişi baradaky söhbet bilen dowam etdiräýeliň!

— «Köpetdag» sport toplumy we adybir futbol kluby boýunça edilen işler gözbaşyny şu ýylyň fewral aýyndan alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň gönüden-göni özüniň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda ýerleşýän «Köpetdag» sport toplumynyň ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň garamagyna berilmegi bilen, bu ýerde abatlaýyş-gurluşyk işleri geçirildi. Häzirki wagtda doly tamamlanan we halkara derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýän sport toplumymyzyň gurluşyk işleriniň agramly bölegini «Mizemez gadam» hususy gurluşyk kärhanasy amala aşyrdy.

Islendik täze topar döredilende, onuň öňünde uly maksatlar durýar. Şol maksatlara ýetmek üçin bolsa topary örän oýlanyşykly döretmek gerek. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň garamagynda 10-a golaý futzal topary ýurdumyzyň milli birinjiliklerine gatnaşyp, olaryň käbiri ýurdumyzyň futzal boýunça çempionlary hem boldular. Toparymyzyň futbolçylarynyň aglabasy futzal toparlarymyzda çykyş eden oýunçylardan saýlanyp alyndy. Mundan başga-da, «Köpetdagyň» esasy we ikinji topary üçin kiçi ýaşly we ýetginjek futbolçylaryň arasyndan has zehinlilerini saýlap almak we geljekde olara tälim berip, toparyň düzüminde oýnatmak maksady bilen, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň 7—16 ýaş aralygyndaky türgenleriniň hem gözden geçirilişi geçirildi. Aprel aýynda şu ýylyň ýazky çagyrylyş möwsüminde harby gulluga çagyrylmaga degişli, öň futbol tejribesi bolan ýaş ýigitleriň hem ýetmişden gowragy gözden geçirilişe gatnaşdyryldy. Şolardan saýlanyp alnan 11 futbolçy ýazky çagyrylyş möwsüminde Içeri işler ministrligine degişli harby bölümlere gulluga çagyrylyp, olar häzirki wagtda toparymyzyň düzüminde çykyş edýärler. Olaryň içinde has zehinlileri hem bar. Mysal üçin, «Merw» futbol topary bilen Aşgabatda geçiren jogap duşuşygymyzda jerime urgusyny owadan ýerine ýetirip, hasaby açan Hojalygurban Öwezow häzirki wagtda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhammedow adyndaky 1001-nji harby bölüminde çagyryş boýunça harby gullugy geçýär.

Mahlasy, gözden geçirilişleriň netijesinde, «Köpetdag» we «Köpetdag II» futbol toparlary üçin 40 töweregi futbolçy saýlanyp alnyp, olar häzirki wagtda milli çempionatymyzyň birinji ligasynyň merkezi zolagynda çykyş edýär.

— Möwsüme taýýarlyk görşüňiz barada hem aýdaýsaňyz!

— Möwsüm başlanmazyndan ozal, «Köpetdag» sport toplumynyň binýadynda saýlama tapgyrlarynyň ikisi geçirildi. Mart aýynda geçirilen ilkinji saýlama tapgyra 40-a golaý futbolçy gatnaşdy. Birinji tapgyryň türgenleşikleriniň çäklerinde ýokary ligada çykyş edýän «Altyn asyr» hem-de HTTU toparlary, birinji liganyň käbir toparlary bilen ýoldaşlyk duşuşyklary geçirildi. Şeýle ýoldaşlyk duşuşyklary ikinji saýlama tapgyrynda hem geçirildi. Şunda geçirilen duşuşyklaryň ähmiýetiniň juda uly bolandygyny aýratyn nygtamak gerek. Mysal üçin, diňe aprel aýynda ýoldaşlyk duşuşyklarynyň ýedisini geçirmek bilen biz, toparyň duşuşykdan duşuşyga kämilleşendiginiň şaýady bolduk.

— Diýmek, ilkinji möwsüminde Milli çempionatymyzyň birinji ligasynda çykyş edip başlan «Köpetdagyň» görkezen netijeleri, yzygiderli we irginsiz türgenleşikleriň ýerine düşendigini aýan etdi diýip bilýäs-dä...

— Hut şeýle. Biz birinji liganyň birinji aýlawynda jemi alty duşuşyk geçirip, şolaryň diňe biri bilen deňme-deň bolduk, galan bäş duşuşykda ýeňiş gazandyk. Şeýlelikde, «Köpetdag» birinji aýlawyň netijesinde 16 utuk toplap, birinji orunda barýar. Öňümizdäki aýlawda hem şeýle netije görkezip bilsek, bu derejämiz biziň geljekki möwsümde ýokary ligada çykyş etmegimizi üpjün edip biler.

— Toparyň Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem batly gadamlar bilen öňe ilerleýändigine bu gün futbol janköýerleri şaýat. Şu ýaryşdaky maksadyňyz?!

— Türkmenistanyň futbol Kubogyna eýe bolmagy, şeýlelikde, öňümizdäki ýylda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşmagy kim islemez?! Elbetde, ilkinji möwsümimizde ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolup bilsek, bu biziň üçin uly üstünlik bolardy. Ýöne şu ýaryşa birinji liganyň toparlarynyň içinden diňe «Köpetdagyň» gatnaşýandygyny hem ýatdan çykarmaly däl. Öňümizde güýçli garşydaşlarymyz bar. Şu tapgyrdaky garşydaşymyz — Marynyň «Energetik» topary hem Türkmenistanyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan-da bolsa, ýoly dowam etdirmäge mynasyp topardygyny geçen tapgyrda subut etdi. Mahlasy, biz Kubok ugrundaky ýaryşda nobatdaky tapgyrlara çykmagy maksat edinýäris. Geçiren duşuşyklarymyz futbolçylarymyzyň ýene-de üstünlikli çykyş edip biljekdigine umytlandyrdy. Iki duşuşygyň netijesinde «Merw» futbol toparyny jogapsyz üç pökgi bilen ýeňlişe sezewar etmegimiz futbolçylarymyzda hem geljekki tapgyrlar üçin ruhubelentlik döretdi. Birinji awgustda Baýramaly şäherinde bolan duşuşykda toparymyzyň kapitany Welsähet Öwezowyň 55 metr aralykdan derwezä dürs uran pökgüsiniň şu möwsümdäki iň owadan geçirilen pökgüleriň biridigini futbol hünärmenleri häzirden belleýärler. Bu ýaryşyň düzüminiň aglabasynyň entek uly futbol boýunça tejribesi bolmadyk oýunçylardygyna görä, toparymyz üçin uly tejribe mekdebi boljakdygy hem şübhesiz hakykat..

— Şeýle-de bolsa, klubuň geljekki ýyllar üçin öňde goýan maksatlarynyň uludygyny sözüňizden aňmak bolýar.

— «Köpetdag» topary döredilen gününden bäri, janköýerlerimiz bizden türkmen futbolynyň taryhynda uly yz goýan «Köpetdagyň» üstünliklerini gaýtalamagy, gerek bolsa, entek ýetilmedik sepgitlere ýetmegi umyt edýär. Bu — biziň hem esasy maksadymyz. Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda mümkin bolan basgançaga çenli çykyp, birinji liganyň çempiony bolup bilmek — häzirlikçe öňümizde duran ilkinji wezipe. Şu maksadymyzy amal edip, öňümizdäki möwsümde ýokary ligada çykyş etmäge hukuk gazanyp bilsek, ondan soňky wezipeler aýdyň. Bu zatlar üçin toparyň ähli mümkinçilikleri bar. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň bize Şa serpaýyny gowşuryp, toparymyzy has-da höweslendirmegi bizi ganatlandyrýar, täze sepgitlere ýetmäge ruhlandyrýar. Men janköýerleri «Köpetdagyň» türkmen futbolynyň iň meşhur toparlaryň, ýurdumyzyň sport abraýyny sebit, dünýä derejesindäki ýaryşlarda gorajak toparlarynyň biri boljakdygyna ynandyrmak isleýärin.

— Maksadyňyz myrat tapsyn! Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin sag boluň!

— Siz hem sag boluň! Türkmen sporty, türkmen futboly üçin uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize ýene bir gezek hoşallygymyzy bildirýäris.

Söhbetdeş bolan Agageldi ITALMAZOW.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň