Awazada şahsy ulaglaryň hereketi gözegçilige alnar

0
181
1
0

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýanlar üçin oňaýly şertleri döretmek meselesine ünsi çekdi. Bu ýerde ajaýyp dynç alyş we sagaldyş toplumlary guruldy. Bu zolakda hyzmatlaryň oňat ýola goýlandygy, deňziň suwunyň we howasynyň ekologiýa taýdan arassadygy üçin, Awaza müňlerçe adam dynç almaga gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylaryň hem ýaňy-ýakynda bu ýerde bolup, dynç almak üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ähli welaýatlardan gelen müňlerçe awtoulagyň sürüjileriniň ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmeýändigini we awtoulaglary ýörite duralgalarda goýmaýandygyny nygtady. Awtoulaglaryň köp toplanmagy sebäpli, dynç alyş zolagynyň käbir ýerlerinde howanyň hapalanandygy hem duýulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dörän ýagdaýy teswirläp, Tebigaty goramak ministrliginiň bu ýerde ekologiýa kadalarynyň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik etmeýändigini belledi. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri hem ýol-ulag kadalarynyň berjaý edilişine ýeterlik üns bermeýär. Bu mesele bilen olar talaba laýyk meşgullanmaýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýän adamlaryň öz awtoulaglaryny ýörite duralgalarda goýmaklaryny talap etmeli. Dynç alyş zolagynyň çäginde bolsa, diňe jemgyýetçilik ulaglarynyň we ýörite ulaglaryň gatnawyna rugsat bermeli diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany nygtady. Bu meseleleriň ählisini haýal etmän çözmegi degişli ýolbaşçylardan talap edip, berlen tabşyrygy ýerine ýetirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat bermegi tabşyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru