TÝL – 2015: 20-nji tapgyryň duşuşyklaryndan öň käbir sanlar we maglumatlar

10:2615.08.2015
0
2096

«Hazyna» — «Balkan»

XXIII Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynyň 20-nji tapgyryna Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň futbol meýdanynda oýnaljak «Hazyna» — «Balkan» duşuşygy bilen badalga berler. Tomusky dynç alyş möwsüminde «Balkandan» iki oýunçyny dagy düzümine goşup, geçen aýlawlardaka görä güýçlenmäge synanşyk eden ýer eýeleri geçen tapgyrda ýaryş tertibiniň öňdebaryjysy «Altyn asyryň» 3 goluna diňe Guwanç Abylowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusy bilen jogap berip bildiler. Ýaryş senenamasyndan hem görnüşi ýaly, «Hazyna» bu gezek hem güýçli garşydaş bilen duşuşýar. Aslynda Ýokary liga ýaryşyna ilkinji gezek gatnaşýan bolsaň, hemme garşydaşlaryň güýçli ýaly, ýöne «Hazyna» özüniň güýçli garşydaşlara mynasyp garşylyk görkezip biljek topardygyny birnäçe ýola subut etdi. Onuň öz meýdanynda «Şagadam», «Merw» ýaly güýçli toparlary ýeňip, HTTU bilen oýnunyň deňme-deň tamamlanandygyny ýatlalyň!

Şeýle-de bolsa, ýeňiş şu duşuşygy geçirýän toparlaryň ikisi üçin hem zerur. Olara ýeke-ýekeden syn berip geçeliň!

Eger duşuşykda «Hazyna» ýeňiş gazansa, onda bu ýeňiş ýer eýelerine eýeleýän ornuny bir basgançak ýokary galdyrmaga hem mümkinçilik berýär. Çünki «Hazynadan» bary-ýogy bir utuk köp toplap, 6-njy ýerde barýan HTTU tapgyrda myhmançylykda «Aşgabat» bilen duşuşýar. «Aşgabadyň» bu ýylky düzüminiň HTTU-nyňkydan güýçlüdigini geçen aýlawlarda gördük. Diýmek, «nebitçileri» ýeňip bilse, «Hazyna» 6-njy orna çykmaga mümkinçilik döräp biler. «Ykdysadyýetçiler» ýeňilse welin, onda tapgyrda ýaryş tertibiniň iň soňky ornunda barýan «Daşoguz» bilen duşuşýan we ýeňşine garaşylýan «Merw» 7-nji orna çykyp biler.

Eger duşuşykda «Balkan» ýeňiş gazansa, topar ýaryş tertibiniň üçünji ornundaky ýerini has berkidip, «Ahal» bilen arany ýygyrmaga-da mümkinçilik alyp biler. Ýöne bu «Altyn asyr» — «Ahal» oýnunyň netijesine bagly. Utulyş «nebitçiler» üçin hem howply. Tapgyrda ýaryş tertibinde «Daşoguzdan» bary-ýogy bir basgançak ýokarda barýan «Energetik» bilen duşuşjak «Şagadam» häzir «Balkandan» 2 utuk yzda barýar. «Şagadamyň» üçünji orna geçmegi üçin «Balkanyň» ýekeje gezek utulmagy ýeterlik.

Indi birnäçe tapgyr bäri «sessiz» oýnaýan, üçünji aýlawdan başlap bolsa, hüjümdäki liderligini Aleksandr Boliana gideren Myrat Ýagşyýewe hem tijenmek gerek. Hüjümçi şu tapgyrda hem tapawutlanyp bilmese, birinji basgançakdaky ornuny soňky tapgyrlarda örän netijeli oýun görkezýän Süleýman Muhadowa («Altyn asyr») gidirip biler.  

«Hazyna» — «Balkan» duşuşygyndan käbir sanlara hem garaşyp bileris. Ine, olar:

  • Eger duşuşykda «Balkan» ýeňiş gazansa, onda bu ýeňiş topar Ýokary ligadaky 400-nji ýeňşi bolar.
  • «Hazyna» şu tapgyrda Ýokary ligadaky 20-nji duşuşygyny geçirer.
  • Eger duşuşyk «Hazynanyň» utulyşy bilen tamamlansa, onda bu utulyş «Hazynanyň» Ýokary ligada 10-njy gezek utulyşy bolar.
  • Duşuşykda «Hazyna» derwezesinden ýekeje gol geçirtse,
  • Eger «Hazyna» şu duşuşykda öz derwezesine ýekeje pökgini goýbertse, topar şu möwsümde öz derwezesine 10 we ondan kän gol geçirden 5-nji topar bolar.

«Hazyna» bilen «Balkanyň» arsynda şu möwsümde geçen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw: 2-nji tapgyr (16.03.2015 ý.) «Hazyna» – «Balkan» — 1:2

Ikinji aýlaw: 11-nji tapgyr: (16.05.2015 ý.) «Balkan» — «Hazyna» — 4:0

 

«Aşgabat» — HTTU

Şu möwsümde 2007-2008-nji ýyllardaky oýnuny ýatladýan «Aşgabat» HTTU-nyň derwezesinden pökgi geçirmegiň ussady. Muňa geçen iki aýlawyň «Aşgabadyň» geçiren 8 goluna HTTU-nyň bary-bogy bir gol bilen jogap berendigi hem görkezýär. Janköýerleriň aglabasy şu oýunda hem «Aşgabadyň» ýeňşine garaşýarlar. Ýöne üçünji aýlawa güýçlendirilen düzümde gelen HTTU hem mynasyp garşylyk görkezse gerek. Birnäçe ýyllap HTTU-nyň kapitany bolan Dawid Sarkisow bolsa ilkinji gezek öňki toparyna garşy meýdana çykar.

Duşuşykda «Aşgabat» ýeňiş gazansa, topara eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga hem mümkinçilik dörär. Ýöne bu «Şagadamyň» myhmançylykda «Energetik» bilen geçirjek duşuşygynyň netijesine bagly bolar. Edil häzirki ýagdaýda ýaryş tertibiniň 5-nji basgançagynda barýan «Aşgabadyň» utugy «Şagadamyňkydan» bary-ýogy bir utuk az. «Aşgabat» duşuşykda ýeňlänýende-de eýeleýän ornuny ýitirmez, ýöne ýokarky orunlara çykmak mümkinçiligi has azalar.

Utulyş HTTU üçin has howply. 6-njy orunda galmak üçin talyplara diňe ýeňiş gerek. Deňligiň hem kanagatlandyrjagy näbelli. Çünki topar bilen 7-nji orundaky «Hazynanyň» arasynda bary-ýogy bir utuk tapawut bar. «Daşoguzy» ýeňmegine garaşylýan «Merw» hem HTTU-nyň yzyndan ýetip biler.

Şu tapgyrda «Aşgabat» Ýokary ligadaky 270-nji duşuşygyna çykar.

«Aşgabat» bilen HTTU-nyň arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw: 2-nji tapgyr (16.03.2015 ý.), «Aşgabat» – HTTU — 4:1

Ikinji aýlaw: 11-nji tapgyr (15.05.2015 ý.), HTTU – «Aşgabat» — 0:4

 

«Daşoguz» — «Merw»

Geçen möwsümlerde bolşy ýaly, «Daşoguz» futbol topary bu möwsümde-de başarjaň däl. Topar şu wagtda diňe diňe bir duşuşykda ýeňiş gazanyp, bir duşuşygyny hem deňlik hasap bilen tamamlady. Galan 17 duşuşykda topar garşydaşlaryndan asgyn geldi. Tapgyrda ýeňiş ýa ýeňliş «Daşoguz» üçin hiç zady üýtgetmez. Ýöne myhmançylykda «Daşoguzy» ýeňip bilse, «Merw» goşa üstünlikleri gazanyp bilmegi mümkin. Bu barada ýokarda-da ýazypdyk.

«Daşoguz» şu tapgyrda Ýokary ligadaky 590-njy duşuşygyny geçirer. Eger ýer eýeleri myhmanlardan ýeňläýse, onda bu olaryň Ýokary ligadaky 340-njy utulyşy bolar. Eger «Daşoguz» şu duşuşykda öz derwezesine ýekeje gol geçirtse, onda topar şu möwsümde öz meýdanynda derwezesine 30 gol geçirden ilkinji topar bolar.

Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, duşuşykda «Merw» ýeňer diýip çaklanylýar. Şeýle bolsa-da, şu möwsümde «Daşoguz» «Merwden» entek uly hasap bilen asgyn gelip görenok. Ýöne futbol garaşylmaýan wakalara baýlygyny edip, «Daşoguz» ýeňiş gazanaýsa hem hiç zada haýran galmaly däl. Çünki «Daşoguz» ýeňibem bilýän topardygyny «Hazyna» bilen bolan duşuşykda subut edipdi.

«Daşoguz» bilen «Merwiň» arasynda şu möwsümde bolan duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw: 2-nji tapgyr (15.03.2015 ý.), «Daşoguz» – «Merw» — 0:1

Ikinji aýlaw: 11-nji tapgyr (16.05.2015 ý.), «Merw» — «Daşoguz» — 2:0

 

«Energetik» — «Şagadam»

«Energetik» bilen «Şagadamyň» arasynda 2-nji tapgyrda bolan duşuşygy ýatlalyň. Şonda «Şagadam» Ýokary liganyň täze wekilini ýeňse-de ýeňipdi welin, bu ýeňiş topara gaty kyn düşüpdi. «Energetigiň» derwezesine 3 pökgi girizen «Daşoguz» öz derwezesinde-de 2 gol dagy görüpdi. Şonuň üçin Amanmyrat Meredowyň şägirtleri bu duşuşyga arkaýynlyk bilen gelendirler öýdüp bolmaz. Geçen tapgyrlarda-da nygtaýşymyz ýaly, «Energetik» öz meýdanynda garşydaşlaryna mynasyp garşylyk görkezip bilýän topar.

Belki ýeňiş ýa ýeňliş «Energetigiň» ýaryş tertibindäki ýerini üýtgetmän biler, ýöne ýeňilmek «Şagadam» üçin howply. Çünki tapgyrda HTTU-ny kabul etjek «Aşgabat» edil häzir «Şagadamdan» bary-ýogy bir utuk yzda.

Şu tapgyrda geçiriljek duşuşyk ýer eýeleri üçin ýubileý duşuşykdyr. «Energetikçiler» Ýokary ligada 20-nji gezek ýaşyl meýdana çykarlar.

         «Energetik» bilen «Şagadamyň» arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

         Birinji aýlaw: 2-nji tapgyr (15.03.2015 ý.), «Energetik» — «Şagadam» — 2:3

         Ikinji aýlaw: 11-nji tapgyr (16. 05. 2015 ý.), «Şagadam» — «Energetik» — 3:0

 

«Altyn asyr» — «Ahal»

Gysgaça tapgyryň, belki-de çempionatyň iň esasy duşuşyklarynyň biri. Döwür dolanyp Milli çempionatymyzyň öňdebaryjylygyny öz ellerine geçiren «Altyn asyr» bilen «Ahal» şu möwsümde 3-nji gezek duşuşýar. Ýa-da başgaça aýtsak, iň netijeli oýunçylaryň sanawynda 2-nji we 3-nji orunlarda barýan, soňky tapgyrlarda bolsa janköýerlerini yzygiderli begendirmegi we haýran galdyrmagy başaryp gelýän Süleýman Muhadow bilen Altymyrat Annadurdyýewiň duşuşygy. Eger Süleýman geçen tapgyrlardaky «işjeňligini» dowam etdirip, bu tapgyrda-da tapawutlanyp bilse, onda iň netijeli hüjümçileriň sanawynyň başyna geçmäge mümkinçilik alar. Geçen möwsümlerde-de iň netijeli hüjümçi bolmaga dalaşgär bolan hem bolsa, entek öz karýerasynda ýeke gezek hem ÝOKARY LIGANYŇ BOMBARDIRI bolup görmedik Süleýman Muhadow şu ýyl şol arzyly pellä ýetermi ýa-da ýene ikinjilik ýa üçünjilik bilen galyberermi, muny möwsümiň soňy aýdar. Ýöne şu möwsümde Süleýmandyr Myrat Ýagşyýewi «Ahalyň» täze ýyldyzy Altymyrat Annadurdyýew hem arkaýynlaşmaga goýanok.

Süleýman arany açarmy ýa Altymyrat öňdebaryjylara has ýakynlaşarmy? Belki iň netijeli hüjümçileriň ikisi hem tapawutlanyp bilmez. Garaz, näme bolsa-da tapgyryň iň esasy duşuşygynyň tapgyryň iň gyzykly oýny hem boljakdygy şübhesiz.

Entek şu möwsümde «Altyn asyry» utup görmedik hem bolsa «Ahalyň» şu duşuşykda ýeňiş gazanjakdygyna ynanyp bolar. Eger şu başartsa, «Ahal» «Altyn asyr» bilen arany 8 utuga çenli ýygrar. Ýok, eger tersine bolsa, «Altyn asyr» iň ýakyn garşydaşyndan 12 utuk ara açar. Bu bolsa soňky ýyllaryň rekord derejesi bolar. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmak ähtimallygy hem bar.

Şu duşuşygyň ýüze çykaryp biläýjek beýleki sanlary:

  • Eger «Altyn asyr» ýeňiş gazansa, şu möwsümde öz meýdanynda iň köp ýeňiş gazanan topar bolar. Häzire çenli öz meýdanynda geçirilen duşuşyklarda «Altyn asyr» bilen «Balkanyň» her biriniň 7 ýeňşi bar.
  • Eger «Altyn asyr» ýeňiş gazansa, bu toparyň bassyr 9-njy ýeňşi bolar.
  • Eger «Ahal» ýeňiş gazansa, bu toparyň bassyr 6-njy ýeňşi bolar.

«Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasynda şu möwsümde geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

Birinji aýlaw: 2-nji tapgyr (03.05.2015 ý.), «Altyn asyr» — «Ahal» — 1:1

Ikinji aýlaw: 11-nji tapgyr (24. 06. 2015 ý.), «Ahal» — «Altyn asyr» — 0:2

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň