Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň ösüş banky Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn özara gatnaşyklary ösdürýär

07:0614.08.2015
0
2706

13-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidenti jenap Wensaý Çžany kabul etdi.

Myhman Aziýanyň ösüş bankynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, türkmen döwletiniň milli ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm görkezijileri hökmünde şu ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümiň 9,5 göterim derejesinde saklanjakdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde onuň ägirt uly ykdysady we serişde kuwwatynyň bardygy, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi bellenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň abraýly halkara maliýe guramalary bilen özara peýdaly esasdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Aziýanyň ösüş bankynyň gatnaşmagynda birnäçe milli we halkara derejesindäki taslamalaryň, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň gurluşygy durmuşa geçirildi. Milletiň Lideri bu iri sebit maliýe düzüminiň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gyz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Transaksiýa Geňeşçisi hökmünde çykyş edýändigini kanagatlanma bilen belläp, AÖB-nyň wise-prezidentine hyzmatdaşlyga bolan işjeň çemeleşmeleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň geljegi we mümkinçilikleri boýunça işjeň pikir alşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti we myhman gatnaşyklaryň ösdürilmegine we oňa has-da netijeli häsiýet bermäge taýýardygyny nygtap, Türkmenistanyň we tutuş sebitiň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna bolan çemeleşmeleri ylalaşdylar.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň baş maksady Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwrülmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň netijeliliginiň we onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna, uzakmöhletleýin esasda täzeçil kuwwatlyklaryň artdyrylmagyna gönükdirilen düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutany ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň hususy pudagynyň ösdürilmegine esasy üns berilýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde Türkmenistan Aziýa ösüş bankynyň arasydaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge ygrarlydygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aziýanyň ösüş bankynyň hyzmatdaşlyk babatda öňe sürýän täze tekliplerini öwrenmäge taýýardygyny aýtdy.

Jenap Wensaý Çžanyň nygtaýşy, Aziýanyň ösüş banky iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegine tehniki we maliýe taýdan goldaw bermäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, myhman taslama gatnaşyjy ýurtlar we tutuş sebitiň döwletleri üçin bähbidi bolan TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ykdysady taýdan örän ähmiýetlidigini belledi. Aziýanyň ösüş bankynyň wise-prezidenti Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek we täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtady.

Bank-maliýe ulgamy, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk pudagy gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bellenilişi ýaly, Aziýanyň ösüş banky Türkmenistanyň hususy telekeçilerine, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak işine goldaw bermäge taýýardyr.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow we myhman ikitaraplaýyn gyzyklanmalara kybap gelýän özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň