Türkmenistanda Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasynyň peselmegi we görnüşleriniň giňelmegi “Altyn asyr” ÝPJ-niň müşderileriniň sanyny 116 göterim artdyrdy

0
1678
48
0

Pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmeginiň, öňdebaryjy enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, öýjükli tele we radiogepleşikleriň köp şahaly ulgamy üstünlikli işleýär, elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Telefon beketleriniň ösen ulgamy giň zolakly internete goşulmak we maglumatlary bermek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. Milli “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk operatorynyň abonent ulgamy çalt ösýär.

Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam  edýär. Analog awtomat-telefon beketleriniň ählisi sanly ulgamlar bilen çalşyldy. Hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün etmek we olaryň görnüşlerini giňeltmek üçin  STM-64, СWDM/DWDM  hem-de IP/MPLS ýokary tizlikli  geçirijiler ulgamlaryna geçilýär. DWDM  ulgamlaryň ( ýaýlymlary bölmek) esasynda baş ulgamlar döwrebaplaşdyrylýar. Munuň özi dürli maglumatlaryň elýeterli bolmagyny hem-de aragatnaşyk hyzmatlarynyň bahasyny peseltmäge mümkinçilik berilýär.

Öýjükli aragatnaşygyň hyzmatlarynyň bahasynyň peselmeginiň we görnüşleriniň giňelmeginiň hasabyna “Altyn asyr” ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň müşderileriniň sany 116 göterim artdy. Häzirki wagtda myhmanhanalarda, ilatyň dynç alýan ýerlerinde we söwda merkezlerinde Wi-Fi tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Munuň özi şol ýerlerde internetiň ýokary tizlikli elýeterliligini üpjün eder.

Aragatnaşygyň hiliniň gowulandyrylmagy we 2014-nji ýylda bahalaryň peselmegi netijesinde internet ulanyjylaryň sany 4 esse artdy, daşky ýaýlymlaryň tizligi bolsa 32 göterim ýokarlandy.

LTE  tehnologiýalarynyň binýadynda iň döwrebap 4G ykjam aragatnaşyk ulgamyny ähli ýerlerde ornaşdyrmak boýunça işler çalt depginde alnyp barylýar.

Älem giňişligine ilkinji milli aragatnaşyk emeli  hemrasynyň çykarylmagy bilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin uly mümkinçilikler we şertler peýda boldy. 2015-nji ýylyň 9-njy iýunyndan “TürkmenÄlem520E” milli aragatnaşyk hemrasy arkaly türkmen teleýaýlymlarynyň ýedisi HD formatynda hem-de radiogepleşikleriň dördüsi alnyp berlip başlandy. Häzirki wagtda “TürkmenÄlem520E”  aragatnaşyk hemrasynyň peýdaly göwrümini ulanmak üçin gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikler alnyp barylýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru