Hazar deňziniň ajaýyp kenarýakasynda Hazar deňziniň güni bellenildi

0
779
0
0

12-nji awgustda Hazar deňziniň ajaýyp kenarýakasynda Hazar deňziniň güni bellenildi. Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasyna ylmy-amaly maslahat, çeperçilik sergisi, sport ýaryşlary we döredijilik bäsleşikleri girizildi. Olar Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy we Balkan welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.

Däp boýunça “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň,   Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrap häkimliginiň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka ýurtlarynyň—Russiýanyň, Eýranyň,  Azerbaýjanyň we Gazagystanyň ýurdumyzda resmi taýdan bellenilen diplomatiki wekilhanalarynyň, halkara guramalarynyň—BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň /BMGÖM/, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň /ÝHGG/, Halkara hyzmatdaşlyk boýunça German jemgyýetiniň /HHGJ/, Türkiýe Respublikasynyň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyrmak baradaky agentliginiň wekilleri bar.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň Hazar boýunça tebigaty goramak düzümleriniň işleriniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň bioköpdürlüligini gorap saklamagyň milli strategiýasyny taýýarlamak, Hazar ýakasynyň çäklerinde ýerleşýän suw-batgalyk ýerleriniň birnäçesiniň, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň hem-de guşlaryň mesgen tutan beýleki ýerleriniň halkara ähmiýetli peýdalanylýan ýerleriň derejesi bilen Ramsar konwensiýasyna goşmagyň geljegi ýaly meselelere aýratyn üns berildi. Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenaryndaky Hazar döwlet tebigy goraghanasy Ramsar konwensiýasynyň aýratyn sanawyna girizildi.

Hazar deňziniň baýramçylyk maksatnamasyny myhmanhana toplumynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ýurdumyzyň meşhur fotohabarçylarynyň hem-de Hazaryň gözelliginiň hakyky muşdaklarynyň suratlarynyň sergisi bezedi. Olar deňiz jandarlarynyň ajaýyp we nepis dünýäsini sergä gelenlere täsirli ýetirýär. Şu ýerde ýaş suratkeşleriň—amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň tebigy serişdeler bolan daşjagazlary, çägäni, balykgulagy, perjagazlary we şuňa meňzeşleri peýdalanmak bilen döreden ajaýyp suratlary hem goýlupdyr.

Şeýle hem “Daýanç” çagalar sagaldyş merkeziniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat bilen bir wagtda Türkmenbaşy şäheriniň mekdep okuwçylarynyň hem-de bu ýerde dynç alýan ýaşlaryň gatnaşmagynda futbol we woleýbol, şaşka we sportuň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. 

Baýramçylyk çärelerine gatnaşyjylaryň ählisi—ulular hem, ýaşlar hem günüň ikinji ýarymynda “Daýanç” myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnandylar. Bu ýerde mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişliginiň gözelligini we ynsanyň goragyna mätäç bolan onda mesgen tutan jandarlaryň gaýtalanmajak dünýäsini beýan eden iň oňat surat eserlerini döredenlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.

Döredijilik toparlarynyň—“Miras” çagalar halk döredijilik toparynyň hem-de Türkmenbaşy şäheriniň medeniýet merkeziniň “Owaz” tans toparynyň ýerine ýetirmeginde guralan konsert baýramçylyk agşamynyň jemleýji bölegine öwrüldi.

“Awazadaky” duşuşyklar Hazar deňziniň güni mynasybetli baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri sowgat edip, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy merjenini gorap saklamagyň bähbidine raýdaşlyk hyzmatdaşlygynda nobatdaky ädime öwrüldi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru