Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen türgenleri Los-Anjelesde 12 medal gazandylar

20:2712.08.2015
0
1665

Şu ýylyň 21-nji iýuly — 4-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Ýörite Olimpiýa Milli merkeziniň tälimçilerinden we türgenlerinden ybarat bolan 18 adamlyk topar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde saparda boldular.  Bu ýerde Ýörite Olimpiadanyň Bütindünýä Tomusky oýunlary geçirildi.

Biziň toparymyz Los-Anjeles şäheriniň howa menzilinde gyzgyn garşylanandan soňra, ýörite ulag bilen Karson şäherine ugrady. Toparymyz bu ýerdäki talyplar şäherçesinde dünýä döwletleriniň birnäçesinden gelen wekiller bilen birlikde birnäçe gün ýaşady we ýaryşlara taýýarlyk gördi. Şäheriň ýolbaşçylary biziň toparymyza öküz şekillendirilen nyşanjygy gowşurdylar. Ýerli ynançlara görä, öküziň şekili durmuşa hemme zady zähmet bilen gazanyp bolýandygyny aňladýan eken.  Ýaryşlardan öň Türkmenistanyň topary bu ýerde dabaraly çäreleriň birnäçesine gatnaşdy.

21-nji iýulda Los-Anjeles şäheriniň «Memorial Coliseum» atly taryhy stadionynda oýunlaryň dabaraly açylyşy boldy. Dabaralaryň çäginde Türkmenistanyň toparyna hem aýratyn hormat bildirildi.

Ýeri gelende aýtsak, Ýörite Olimpiadanyň Bütindünýä Tomusky oýunlary her dört ýyldan bir geçirilip, şu gezekki Oýunlarda sportuň 25 görnüşi boýunça ýaryşlar göz öňünde tutulypdyr. Oýunlara gatnaşmak üçin dünýäniň 165 döwletinden 6 500 töweregi türgen, 2 müňden gowrak tälimçi we 30 müň meýletinçi şähere ýygnanypdyr.

Türkmenistanly türgenler sportuň 6 görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşdylar. Şunda türgen Batyr Baýramowyň gazanan üstünliklerini ilkinji nobatda nygtamak isleýäris. Suwda ýüzmek boýunça ýaryşlara gatnaşan türkmen türgeni arkanlygyna ýüzmek boýunça kümüş, erkin ýüzmek boýunça bürünç medala mynasyp bolup, sport bilermenleriniň, dünýäniň dürli döwletlerinden, iri halkara sport guramalaryndan gelen hünärmenleriň ünsüni çekdi.

Edil şeýle üstünligi ýurdumyza wekilçilik eden beýleki bir türgen — Maksat Gummaýew hem gazandy. Ýeňil atletika boýunça ýaryşlara gatnaşan türkmen türgeni bellenen aralyga ylgamak boýunça bürünç, sportuň softbol görnüşi boýunça bolsa has gowy netijäni görkezip, altyn medala mynasyp boldy.

Badminton boýunça geçirilen ýaryşlarda Umyt Amandurdyýew şowly çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Gülnar Allagulyýewa bilen Alyjan Umurow uly tennis boýunça jübütleýin ýaryşlarda iň ýokary netijäni görkezmegi başaryp, türgenlerimiziň gazanan medallarynyň üstüni altyn medal bilen ýetirdiler. A.Umurow oglanlaryň arasyndaky ýekebara ýaryşlara-da gatnaşyp, bu gezek hem gowy netije görkezmegi başardy.

Toparymyzyň türgenleri medallaryň ýene-de ikisini stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça gazandylar. Sportuň bu görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlara ýurdumyzdan Batyr Awlýakuliýew wekilçilik etdi. Bir altyn we bir bürünç medal gazanan türkmen türgeni Türkmenistanyň toparynyň bu ýaryşda gazanan üstünligi has-da berkitdi.

Mahlasy, ýurdumyzyň topary bu iri ýaryşda medallaryň jemi 12-sine mynasyp boldy. Şolaryň 3-si altyn medaldyr.

Ýörite Olimpiadanyň Bütindünýä Tomusky oýunlaryna gatnaşmak bilen, türkmen türgenleri uly tejribe topladylar. Ýaryşlaryň dowamynda geçirilen dürli dabaraly çärelerdir gazanylan üstünlikler bolsa, olaryň sport bilen has ýakynlaşmagyna itergi berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň