Türkmen uşu ussatlarynyň Aziýa çempionatyndaky üstünligi

15:2412.08.2015
0
5918

Hytaýyň Ksilinhot şäherinde (içerki Mongoliýa welaýaty) tamamlanan ýetginjekleriň arasyndaky 8-nji Aziýa çempionatynda türkmen uşu ussatlary bürünç medallaryň dördüsini eýelediler. Bu barada şu gün “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär.

Dünýä döwletleriniň 24-sinden — Hindistandan, Koreýa Respublikasyndan, Gazagystandan, Tailanddan, Özbegistandan we beýlekilerden 400 türgen taoluda (toplumlaýyn hereketler) we sandada (söweşler) güýç synanyşdy.

Türkmenistana bäş türgen wekilçilik edip, olar diňe söweşlerde çykyş etdiler we dördüsi baýrak eýesi boldy.

Baýrammyrat Babaýew (48 kg agram derejesi), Annageldi Agamyradow (52 kg), Bäşim Geldiýew (60 kg) we Geldimyrat Ataýew (65 kg) dagy hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Olaryň ählisi Aşgabat şäheriniň uşu söweş sungaty boýunça dürli bölümlerinde Ýazmyrat Annamyradowyň, Şirmyrat Berdiýewiň we Ylýas Nuryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.

Türkmen uşu ussatlary indi sentýabrda Tähranda boljak “Pars Kubogy” ugrundaky ýaryşa we erkekleriň hem zenanlaryň arasynda şu ýylyň noýabrynda Jokartada (Indoneziýa) geçiriljek dünýä çempionatyna taýýarlyk görerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň