Soňky habarlar

Arhiw

Bouling ussatlary Aziada — 2017-ä taýýarlanýarlar

15:2112.08.2015
0
8231

2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlara taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanyň bouling boýunça ýygyndy topary Kalugada okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda boldy — diýip, şu gün “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berdi.

Türgenlerimiz halkara derejeli tejribeli tälimçi Aleksandr Gurkowyň ýolbaşçylygynda bir hepdäniň dowamynda tehniki ussatlyklaryny, şeýle hem beden we psihologik taýýarlyklaryny kämilleşdirdiler.

Ata Watana dolanyp gelensoň, türgenler “Aşgabat” stadionynda görkezme çykyşlarynyň üsti bilen ele alan başarnyklaryny görkezdiler.

Bouling sportuň bir görnüşi hökmünde Türkmenistanda ilkinji ädimleri ädýär. Geçen ýyl Milli bouling federasiýasy döredildi, oňa ýurduň gylyçlaşmak boýunça öňki belli türgeni Begenç Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Şu ýylyň ýazynda bolsa sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi.

—Hazirki günde biziň öňümizde durýan esasy wezipe öz ýurdumyzda geçiriljek Aziadada şowly çykyş etmäge ukyply topary taýýarlamakdan ybarat — diýip, Türkmenistanyň Milli bouling federasiýasynyň başlygy B.Durdyýew gürrüň berýär. — Ýakynda tamamlanan okuw-türgenleşik ýygnanyşygy bu ugurda ilkinji ädim boldy. Şeýle ýygnanyşyklary yzygiderli geçirmegi göz öňünde tutýarys. Ýakynda boljak halkara ýaryşlary türgenlerimiz üçin goşmaça tejribe bolar. Mundan başga-da, ýurdumyzyň bouling boýunça tälimçilerini daşary ýurtlarda okatmagyň meýilnamasy hem işlenip düzüldi.

Häzirki wagtda federasiýanyň Aşgabatdaky türgenleşik bazasynda bouling üçin dört ýodany enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar, munuň özi türgenleşikleri täze derejä çykarmaga ýardam eder. 2016-njy ýylda bolsa gurluşygy dowam etdirilýän Olimpiýa şäherjiginde 32 ýodaly häzirki zaman bouling zaly ulanylmaga berler. Bu ýerde Aziada 2017-niň bäsleşikleri geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň