Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Dünýä çempionaty — 2018-iň Oman — Türkmenistan saýlama duşuşygyna giriş petekleri satylyp başlandy

15:1812.08.2015
0
6049

Futbol boýunça Dünýä çempionaty — 2018-iň 3-nji sentýabrda Maskatda geçiriljek Oman bilen Türkmenistanyň arasyndaky saýlama duşuşygyna giriş petekleri satylyp başlandy. Bu barada Omanyň futbol assosiasiýasy habar berdi.

Petekleri Omanyň ähli ulaglara ýangyç guýujy stansiýalarynda we Maskatyň söwda nokatlarynda, şeýle hem internet üsti bilen www.roumaan.com web-saýtynda satyn alyp bolýar.

Iň gymmat petekleriň eýeleri stadiona gelen badyna azyk önümlerini we alkogolsyz içgini tölegsiz alyp bilerler. Duşuşyk Sib stadionynda Aşgabat wagty bilen 20.00-da başlanar.

Onamyň hem Türkmenistanyň futbolçylary “D” saýlama toparçasynda çykyş edýärler. Häzirlikçe omanlylaryň bir oýundan soň 3, türkmenistanlylaryň bolsa iki oýundan soň 1 utugy bar.

Düzüminde iňlisleriň “Redinginiň” derwezeçisi Aly Abdylla Harib Al-Habsi bolan Omanyň ýygyndysy Bangolarda Hindistanyň toparyny 1:2 hasabynda ýeňdi. Türkmenistanyň futbolçylary bolsa myhmançylykda Guamdan 1:0 hasabynda ýeňlip, öz meýdanynda reýting boýunça Aziýanyň iň gowy topary Eýranyň ýygyndysy bilen 1:1 hasabynda deň oýnady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň