Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze desgalarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

07:5312.08.2015
0
11557

11-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun  generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Tagtabazar serhet birikmesiniň we  Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýörite maksatly polkunyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy, şeýle hem  welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalar bilen tanyşlygy toplumyň birinji bölüminden başlady. Bu ýerde degişli derejedäki gullugy alyp barmak, dynç almak üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň serhetçileriniň söweşjeň okuw we türgenleşik geçýän otaglary bilen tanyşdy. Olarda hem türkmen halkynyň mähriban topragynyň, bagtyýarlygynyň, parahatçylygynyň goragynda durýan serhetçiler üçin ähli zerur şertler bar.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa nobatçy esger otagyň ýagdaýy, gullugyň barşy barada hasabat berdi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de bu ýerde döredilen şertler bilen gyzyklanyp, döwletiň harby gullukçylaryň durmuş we ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak hakynda yzygiderli alada etjekdigini belläp, olara gulluklarynda üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gulluk-durmuş maksatly beýleki desgalara tarap ugrady we esgerleriň naharhanasyna, aşhanasyna hem-de  çörek bişirilýän ýerine baryp gördi.

Milli Liderimiz bu ýerde gulluk edýän aşpezleriň zähmet şertleri, aşhananyň enjamlaşdyrylyşy, şeýle hem harby gullukçylar üçin niýetlenen tagamlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz serhetçileriň gullugy we boş wagtlaryny gyzykly geçirmegi üçin şertleri döretmek bilen birlikde, bişirilýän naharlaryň ähli kadalara laýyk gelmegi hem-de tagamly we peýdaly bolmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.  

Soňra döwlet Baştutanymyz serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň iň täze tehnologiýalar we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezine geldi. Bu ýerde oturdylan monitorda enjamyň işleýiş tertibi görkezilýär. Onuň kömegi bilen Döwlet serhediniň serhet birikmesiniň çägine degişli ýerlerine gije-gündizleýin gözegçilik amala aşyrylýar. Bu enjam serhediň ähli çägine wideogözegçiligi amala aşyrmaga we elektron maglumat almaga mümkinçilik berýär. Serhetçileriň ygtyýarynda bar bolan aragatnaşyk serişdeleri we dolandyryş ulgamy Döwlet serhet gullugynyň gözegçilik edýän çäklerinde ýüze çykýan islendik ýagdaýlara gyssagly garşy durmaga mümkinçilik berýär.

Bu ýerde oturdylan enjamyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanyp,  döwlet Baştutanymyz serhetçileriň döwrebap tehniki serişdeleri dolandyrmagy ussatlyk bilen ele alyşlaryna syn etdi. Serhet gullugynyň ähli bölümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynyň we şahsy düzümiň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belläp, milli Liderimiz döwletimiziň şu meselelere mundan beýläk-de aýratyn ähmiýet berjekdigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz dürli derejedäki dabaralary, jemgyýetçilik-syýasy çäreleri, şeýle hem aýdym-sazly çykyşlary, bäsleşikleri  guramak üçin niýetlenen birikmäniň Medeniýet öýüne bardy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumynyň ulanmaga tabşyrylmagy mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgysyny galdyrdy.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sowgat hökmünde serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen harby tehnikanyň açarlaryny gowşuryp, döwletimiziň mundan beýläk-de serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitjekdigini hem-de harby gullukçylaryň we serhetçileriň gulluk we durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak barada yzygiderli alada etjekdigini nygtady.   

Serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumy bir bitewi binagärlik keşbi emele getirmek bilen, häzirki zamanyň şertlerine laýyk derejede gurlupdyr. Onuň aýratyn durmuş üpjünçilik ulgamy, giň eýwanlary, serhetçileriň maşgalalaryna niýetlenen we häzirki zaman mebelleri, durmuş tehnikalary bilen üpjün edilen, otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary,  hemra aragatnaşyk ulgamlary bu ýerde gulluk edýän serhetçileriň döwrebap gullugyna gönükdirilendir. Binalar toplumynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr.

Serhet gullugynyň serkerdeleriniň birnäçesiniň maşgalalary täze öýe göçüp gelmek bagtyna eýe boldular.

Serhet birikmesiniň çäklerinde lukmançylyk merkezi hem hereket edýär.  Lukmançylyk merkeziniň otaglary iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda işleýän ýokary hünärli lukmanlar serhetçilere ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýärler.

Mundan başga-da, serhet birikmesiniň we ýörite maksatly polkuň täze binalar toplumynda we onuň çäginde sport zallary we meýdançalary bar. Bu ýerde serhetçi esgerleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur şertler üpjün edilipdir.          

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň