Arhiw

TOPH-nyň Ýolbaşçy komiteti Aşgabatda hakyky taryhy ähmiýetli çözgüt kabul etdi

11:4811.08.2015
0
5169

2015-nji ýylyň 6-njy awgustynda Aşgabatda TOPH-nyň Ýolbaşçy komitetiniň 22-nji mejlisinde hakyky taryhy ähmiýetli çözgüt kabul edildi — diýlip, Nebit-gaz gazetindäki habarda aýdylýar.

Oňa gatnaşyjylaryň hemmesi – Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň pudak ministrlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) ýokary wezipeli wekilleri tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserni «TAPI Ltd.» konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde biragyzdan saýlanyldy. «Türkmengaz» döwlet konserni uzynlygy 1735 kilometre barabar bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

TOPH konsorsiumynyň öňbaşçysyny saýlamak meselesiniň häzire çenli örän möhüm mesele bolandygyny bellemek gerek, taslamany has-da ilerletmek hut şoňa bagly bolupdy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu gazgeçirijiniň gurluşygynyň tiz amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýär, ol taslama gatnaşýan ähli ýurtlara ykdysady taýdan peýda getirmek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi we Günorta Aziýa sebitinde ýagdaýyň durnuklaşmagyna hem oňyn täsirini ýetirer.

2012–2014-nji ýyllarda bu mega-taslamany has-da ilerletmek boýunça möhüm çözgütler kabul edildi. Türkmenistan taslama gatnaşýan ähli ýurtlar bilen gazy satyn almak-satmak hakyndaky şertnamalara gol çekdi. 2014-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň gaz kompaniýalary gazgeçirijini gurmak we ulanmak boýunça konsorsiumyň dolandyryjy kompaniýasyny – «TAPI pipeline company ltd» kompaniýasyny esaslandyrdylar. Indiki ädim «TAPI Ltd.» konsorsiumynyň öňbaşçysyny kesgitlemek üçin halkara bäsleşigini geçirmekden ybarat bolupdy.

TOPH-nyň Işçi Komitetiniň 22-nji mejlisiniň barşynda Owganystanyň, Pakistanyň, Hindistanyň we AÖB-niň wekilleri «Türkmengazy» konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde saýlamak barada Türkmenistanyň başlangyjyny biragyzdan goldadylar. Owganystanyň dag-magdan serişdeleri we nebit ministri Daudshah Sabanyň belleýşi ýaly: «Biz konsorsiumyň öňbaşçysy wezipesini öz üstüne almak baradaky çözgüdine ýokary baha berýäris. Bu çözgüt TOPH taslamasy üçin möhüm waka bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy netijesinde biz bu taslamany tutuş sebitiň bähbidine amala aşyrmak mümkinçiligine eýe bolduk».

Hindistanyň nebit we tebigy gaz ministri Dharmendra Pradhan «Türkmengazyň» TOPH konsorsiumynyň öňbaşçysy hökmünde saýlanmagyny goldaýandygyny aýdyp, TOPH taslamasyna gatnaşýan dört ýurduň bu iri möçberli taslamany özbaşdak amala aşyryp biljekdigine ynam bildirdi.

Pakistanyň nebit we tebigy serişdeler federal ministri Şahid Hagan Abbasi türkmen tarapynyň TOPH taslamasynyň öňbaşçysy bolmak baradaky başlangyjy üçin hoşallygyny beýan etmek bilen, «Aşgabadyň bu teklibi tutuş taslama uly täsirini ýetirdi. Biz şeýle hem beýleki kompaniýalar üçin konsorsiuma gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigini goldaýarys» diýip belledi.

AÖB-niň departamentiniň baş direktory M.O,Salliwan «Türkmengazyň» konsorsiumda öňbaşçylyk etmegi taslama üçin belli bir artykmaçlyklary üpjün eder, olaryň arasynda turbageçirijiniň gurluşygynyň bahasynyň pesligi, şeýle hem taslama gatnaşýan ýurtlaryň kompaniýalary üçin konsorsiuma gatnaşmak mümkinçiligi bolar. AÖB mundan beýläk-de taslama boýunça Tranzaksion Geňeşçi hökmünde işlemäge taýýardyr» diýip belledi.

«Türkmengazyň» konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde makullanylmagy TOPH gazgeçirijisiniň taslamasyny üstünlikli ilerletmegi gazanmakda möhüm waka bolup durýar. Bu Aziýanyň Ösüş bankynyň Tranzaksion Geňeşçi hökmünde goldamagy bilen TOPH taslamasyna gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky üznüksiz hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr. Ulanmaga berilmegi bilen bu turbageçiriji energetika howpsuzlygynyň artmagyny, işewürligi ösdürmegiň mümkinçiliklerini we sebitde umumy ykdysady durnuklylygy üpjün eder» diýip, B.Hojamuhammedow belledi.

Uzynlygy 1735 kilometre barabar bolan TOPH gazgeçirijisi Türkmenistandan Owganystana, Pakistana, Hindistana 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda her ýylda tebigy gazyň 33 milliard kubmetre çenli mukdaryny ugradar. Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji ýerde durýar we bu gazgeçiriji oňa Owganystan, Pakistan we Hindistan tarapa gündogar ugurda gaz iberjek bazarlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga mümkinçilik döreder. Türkmenistan gaz känlerini işläp geçmekde, çykarmakda we ugratmakda, şeýle hem turbageçirijileri gurmakda 50 ýyldan gowrak tejribä eýedir. Garaşylyşy ýaly, şu ugurda işleýän beýleki kompaniýalar taslamany durmuşa geçirmegiň nobatdaky tapgyrlarynda konsorsiumyň öňbaşçysynyň toparyna goşular.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýewiň «Nebit-gaz» gazetine beren beýanatynda nygtaýşy ýaly, konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde «Türkmengaza» paýnamalaryň azyndan 51 göterimi degişli bolar. Ol öňbaşça berkidilen wezipeleri – maliýeleşdirmek, bäsleşikleri geçirmek, enjamlary we serişdeleri satyn almak, gurluşyk meselelerini we beýleki guramaçylyk işlerini ýerine ýetirer.

Gazgeçirijiniň türkmen bölegini «Türkmengaz» döwlet konserni «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserni bilen bilelikde gurar. Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde gurluşygyň potratçylary bäsleşikleriň jemleri boýunça kesgitlener. Konsorsiumda taslama gatnaşmaga isleg bildirjek daşary ýurt kompaniýalary üçin hem paýnamalaryň bir bölegi goýberiler. Türkmen tarapy Türkmenistanda nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlaýan daşary ýurt kompaniýalary bilen olaryň TOPH konsorsiumyna gatnaşmagy bilen bagly deslapky gepleşikleri geçirýär. Bu olar üçin örän amatly teklipdir – geljekde olar öz gazyny TOPH turbageçiriji boýunça ugradyp bilerler.

Gazgeçirijini maliýeleşdirmek TOPH-nyň paýdarlarynyň maýalaryny, şeýle hem daşyndan serişdeleriň çekilmegini göz öňünde tutýar. Hususan-da, AÖB taslamany karzlaşdyrmaga gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Gazgeçirijini gurmagyň we ulanmagyň, hususan-da, Owganystan ýaly asuda bolmadyk sebitde gurmagyň howpsuzlyk meseleleri barada aýdylanda bolsa, TOPH taslamasynyň maslahatçylary bu meseläni çözmegiň durmuşa ukyply görnüşini teklip etdiler. Çünki Owganystanda eýýäm iri halkara düzüm taslamalary amala aşyrylýar, mysal üçin, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy çekilýär.

TOPH gazgeçirijiniň gurluşygyna takmynan iki ýyla golaý wagt gerek bolar. Turba geçiriji boýunça gaz ibermek üçin serişdeler binýady bolup hyzmat etjek iri «Galkynyş» gaz känini işläp taýýarlamagyň üçünji tapgyryna 3,5 ýyl gerek bolar. Başgaça aýdanyňda, eýýäm 3,5 ýyldan – 2018-nji ýylyň ortasyna çenli TOPH boýunça gaz ibermek mümkinçiligi bolar.

Şeýlelikde, Ýolbaşçy Komitetiň 22-nji mejlisinde TOPH taslamasyny has öňe ilerletmek üçin kuwwatly itergä eýe boldy. 18–20-nji awgustda Dubaýda tehniki meseleler boýunça bilermenleriň duşuşygy geçiriler. TOPH taslamasy boýunça maýa goýum we paýdarlar ylalaşyklary taýýarlanar. AÖB tehniki we maliýe meseleleri boýunça her tarap üçin tanyşdyryş çäresini geçirer. Bu bolsa taslama gatnaşyjylara her tarapyň maliýeleşdirmek we paýly gatnaşmak meseleleriniň kesgitlenmegine ýardam eder.

Ýolbaşçy Komitetiň 22-nji mejlisine gatnaşyjylar «Türkmengaz» döwlet konsernini konsorsiumyň öňbaşçysy hökmünde saýlamak bilen, TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berjek düýpli çözgüdi kabul etdiler. 2015-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň çäginde gazgeçirijiniň gurluşygyna badalga bermek meýilleşdirilýär. Türkmen tarapy TOPH üçin serişdeler binýadyny taýýarlamak üçin eýýäm häzirden öz hyzmatdaşlary bilen «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryny ara alyp maslahatlaşýar. Mundan başga-da, eýýäm gazgeçirijiniň türkmen bölegini taslamak işlerine girişildi.

Öňde uly işler garaşýar, olar ahyrky netijede sebitde energetika howpsuzlygynyň berkidilmegine, ýurtlaryň ykdysady taýdan durnuklylygyna getirer hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we Aziýanyň çäginde biznes birleşmesi üçin täze mümkinçilikleri döreder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň