Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

10:5311.08.2015
0
3268

10-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ugurlara, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe möhüm meselelerine garaldy.

Wideoşekilli iş maslahatynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, pagta ýygymyna, şeýle hem güýzlük bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdiler. Şonuň bilen birlikde, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi hem-de welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, olaryň depginini güýçlendirmek boýunça görülýän çäreler barada durlup geçildi.

Hasabatlary diňläp Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlary we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugurlary barada aýtmak bilen, bu babatda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Mundan başga-da, milletiň Lideri welaýatyň çäklerinde gurulýan desgalaryň öz wagtynda we ýokary hil derejesinde gurlup gutarylmagyna, welaýatda täze okuw ýylyna taýýarlyk görmek, şeýle hem ýyladyş desgalaryny gyşky möwsüme taýýarlamak işlerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmeginiň zerurdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň etraplarynyň işine degişli guramaçylyk meselelerine geçmek bilen, birnäçe resminamalara gol çekdi.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow  paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, täze okuw ýylyna taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler we paýtagtymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak babatda döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň ähli ugurlar boýunça nusgalyk derejä göterilmeginiň möhümdigini belläp, paýtagtymyzda okuw möwsümine taýýarlyk görmek, şäherde mekdep bazarlaryny guramak, olarda zerur bolan okuw esbaplaryny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň baş şäheriniň düzümlerinde degişli tertibiň ýola goýulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda döredilen gök zolaklaryň, seýilgäh  merkezleriniň degişli derejede saklanmagy, ekilen bag nahallaryna ideg etmek  bilen baglanyşykly işleriň talabalaýyk alnyp barylmaýandygyny belledi we bu babatda häkimiň işine nägilelik bildirdi. Hususan-da, paýtagtymyzyň etraplarynda abadanlaşdyryş we arassaçylyk işleri haýal alnyp barylýar, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky işleriň depgini pes, şeýle hem Aşgabadyň mekdepleriniň täze okuw ýylyna taýýarlyk derejesi döwrüň talabyna laýyk gelmeýär diýip, milletiň Lideri aýtdy we häkimden ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Bilim ministri P.Agamyradow çagyryldy. Ol häzirki döwürde  alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglarynyň barşy, täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görmek, bilim ulgamyna degişli gurlup ulanmaga beriljek desgalaryň dabaraly açylyşyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hususan-da, Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanyp, ýurdumyzda orta mekdepleriň 24-siniň, çagalar baglarynyň 14-siniň, Aşgabatda A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň dabaraly ýagdaýda ulanmaga beriljekdigi, Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň bellenen düzgünnama laýyklykda, ýokary derejede guramaçylykly dowam edýändigi barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutany okuw möwsümine taýýarlyk görmegiň, mekdep bazarlarynda söwdalary guramak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milletiň Lideri ýurdumyzyň mekdep bazarlarynda okuwçylar üçin zerur bolan ähli esbaplaryň, okuw lybaslarynyň we beýleki serişdeleriň üpjünçiligini ýola goýmak babatda ministre birnäçe tabşyryklary berdi.  Şeýle hem döwlet Baştutany täze okuw ýyly mynasybetli gurlup ulanmaga berilýän mekdepleriň,çagalar baglarynyň, ýurdumyzyň iň baýry orta hünär okuw mekdepleriniň biri bolan A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň  täze binalar toplumynyň açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 1-nji synpyna barýan okuwçylara netbuklary sowgat bermegiň asylly däbe öwrülendigini belläp, döwlet Baştutany şu ýyl 6 ýaşynda 1-nji synpa gelýän okuwçylaryň okuw lybaslaryna, degişli okuw esbaplaryna aýratyn ähmiýet berilmelidigini, olaryň üpjünçiligi boýunça zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň