Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet medeniýet instituty gysgaldylan möhletli tölegli okuwlara kabul edişlik yglan edýär

10:2811.08.2015
0
10159

Türkmen döwlet medeniýet instituty gysgaldylan möhletli tölegli okuwlara isleg bildirýänler üçin kabul edişlik yglan edýär.

1. Drama we kino artisti (10 aý).

2. Režissura (medeni çäreleri gurnaýjy) (10 aý).

3. Tans sungaty (10 aý).

4. Teleradio gepleşikleri alyp barmak ussatlygy (10 aý).

5. Rekwizit-butafor (10 aý).

6. Muzeý işini gurnaýjy (10 aý).

7. Iş kagyzlaryny dolandyrmak we arhiw işi (10 aý).

8. Kitaphana işini gurnaýjy (10 aý).

9. Telekinooperatorçylyk (10 aý).

10. Dizaýn-lybasçy (3 aý).

11.  Teleoperatorçylyk (3 aý).

12. Kompýuter sowatlylygy (3 aý).

Okuwa Türkmenistanyň raýatlary söhbetdeşligiň netijeleri boýunça ýazmaça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Ýörite mekdepleri tamamlanlara ýeňillik berilýär.

Resminamalar 2015-nji ýylyň awgust aýynyň 28-ine çenli kabul edilýär.

Okamaga isleg bildirýänleriň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:

1. Orta bilim hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasy we göçürmesi.

2. Saglyk barada kepilnama.

3. Ölçegi 3x4 sm. bolan 4 sany surat.

4. Zähmet depderçesi, işleýänler üçin tassyklanan göçürmesi ýa-da işlemeýänligi barada güwänama.

5. Soňky okan ýa-da işlän ýerinden häsiýetnama.

6. Ýaşaýan ýerinden kepilnama (forma №3).

7. Pasportyň asyl nusgasy we göçürmesi.

8. Harby şahadatnama ýa-da hasaba alyş şahadatnamasynyň asyl nusgasy we göçürmesi.

Habarlaşmak üçin telefon: 94-25-70.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň