Soňky habarlar

Arhiw

TDY we DI ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan Okuw merkezi ykdysady hünärler boýunça bilim almak isleýän ýaşlary okuwa çagyrýar

11:4910.08.2015
0
14983

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan Okuw merkezi ykdysady hünärler boýunça bilim almak isleýän ýaşlary okuwa çagyrýar. Siziň üçin okuw merkezinde döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw binalaryndan, ýöriteleşdirilen okuw otaglaryndan, internet we lingafon otaglaryndan, döwrebap kitaphanadan, sport toplumyndan peýdalanmak mümkinçiligi dörediler.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan Okuw merkezi 2015-2016-njy okuw ýyly üçin aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça okuwa kabul edýändigini yglan edýär:
1. Buhgalter — okuwyň möhleti 10 aý.
2. Bank işiniň operatory — okuwyň möhleti 10 aý.
Okuw merkezine Türkmenistanyò umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsdeşlik esasynda kabul edilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 2015-nji ýylyň 26-njy awgustyna çenli kabul edilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1972-nji (Atatürk) köçesi, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ykdysatçy hünärmenleri taýýarlaýan Okuw merkezi, telefon belgilerimiz: 48-62-47, 48-62-85.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň