Ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti “Arçman” şypahanasynda durmuş maksatly täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy

0
575
0
0

9-njy awgustda — ýekşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda durmuş maksatly, şol sanda şypahana düzümine degişli täze gurluşyklaryň taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutany öz egindeşlerinden Türkmen gawunynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.

Bu ýere ýygnananlar Mejlisiň Başlygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň Prezidentini edermen bakjaçylaryň zehinine we zähmetsöýerligine hormatyň nyşanyna öwrülen ajaýyp baýramçylyk bilen gutlap, milletiň Liderine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alýan, başyny başlan ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda täze üstünlikler arzuw etdiler.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen milletiniň beýik mirasy hökmünde ykrar edilen tagamly “behişdi” gawunlaryň köp ýüzýyllyklar mundan ozal bütin dünýäde şöhratlanandygyny belledi. Bereketli türkmen topragynyň bu täsin nygmatynyň köpasyrlyk şöhratynyň hakyky subutnamalaryny dürli taryhy eýýamlarda ýaşap geçen beýik alymlaryň we görnükli syýahatçylaryň biziň günlerimize gelip ýeten köpsanly işlerinden tapmak bolýar.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň  iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanyna Aşgabat şäherini  hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de  abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Wise-premýer paýtagtymyzy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler, Aşgabadyň demirgazyk künjeginde gurulmagy göz öňünde tutulýan dürli maksatly binalar barada habar berdi hem-de täze guruljak desgalaryň taslamalaryny, ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. Bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň hatarynda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş maksatly we beýleki binalar bar.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamalar we çyzgylar bilen tanşyp,  gurulýan binalaryň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we ilat üçin amatly şertleriň döredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi.

Milletiň  Lideri gurulýan binalarda döwrebap ýaşaýyş-durmuş ülňüleriniň berjaý edilmeginiň, potratçylaryň öz üstüne alan borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeginiň möhümdigini belläp, bu işiň netijeleriniň adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, seýilgäh zolaklaryny döretmek,  ýokary amatly ýaşaýyş jaýlary we kottej jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milletiň Lideri munuň ilatymyzyň häzirki zaman talaplaryna we şahsy isleglere laýyk gelýän oňaýly jaýlary saýlap almak mümkinçiliginiň has-da artmagyny, paýtagtymyzda ekologiýa derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän meselelere örän jogapkärçilikli hem-de hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini aňladýandygyny  belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow  gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň, aýratyn-da, ulgama degişli gurluşyklaryň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanyna ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna gurulýan we gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny hödürledi. 

Hasabatda paýtagtymyzda gurluşygy güýçli depginde dowam edýän Halkara howa menzilinde alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde häzir edara binasy we ikinji ýolagçy terminaly guruldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu gurluşykda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri, netijeli tehnologiýalary, gurluşygyň täzeçil usullary ulanylýar.  

Wise-premýer "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk işleriniň göwnejaý alnyp barylýandygy barada hasabat berdi. Bu ählihalk maslahaty gurluşygy tamamlanan Awaza kongresler merkezinde  geçiriler.

Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, Awazada gurulmagy meýilleşdirilýän sagaldyş-dikeldiş merkeziniň taslamasyny görkezdi.

Döwlet Baştutany hödürlenen taslamalar bilen tanyşmagyň barşynda  gurulýan ähli desgalarda ozaly bilen, durmuş üpjünçiligine üns bermegiň möhümdigini belledi, sebäbi adamlar, olaryň saglygy hem-de döwrebap, ýokary durmuş derejesi  hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup durýar.  

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda-da ekologiýa ýagdaýynyň has-da berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolan gök zolaklaryň döredilmeginiň, bagy-bossanlyga bürelmeginiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, milletiň Lideri ýurdumyzyň durmuşynda ägirt uly ähmiýete bolan Ýaşulular maslahatyna, onuň guramaçylyk derejesine düýpli taýýarlyk görülmelidigine ünsi çekdi.

Şeýle hem milletiň Lideri "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap dynç alyş düzümi ösdürilende adamlaryň saglygyny berkitmäge ýardam edýän ähli şertleriň göwnejaý utgaşdyrylmagyna aýratyn üns bermegi talap etdi. Şunda ýerli tebigy-howa şertleriniň möhüm orun eýeleýändigini bellemek bilen, döwlet Baştutany Hazaryň türkmen kenarynyň ekologiýa abadançylygynyň zerur derejede saklamak boýunça işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy. 

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynyň çäginde ekilen baglara degişli derejede ideg etmegiň, gök zolaklaryň döredilmeginiň  zerurdygyna ünsi çekip, bag nahallaryny diňe şypahanalaryň çäklerinde däl-de, eýsem, olaryň töwereklerinde hem ekilmelidigini, baglara ideg işleriniň göwnejaý guralmalydygyny tabşyrdy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru