Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýeleriniň duşuşygynda “Balkan” ýeňiş gazandy

17:0809.08.2015
0
5568

Bir aýa çeken arakesmeden soň, 19-njy tapgyryň duşuşyklary bilen Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň ýokary ligasy badalga aldy. Milli çempionatyň 3-nji aýlawy Aşgabatda geçirilen iki oýun bilen açyldy.

Ilki bilen “Aşgabat” stadionyndaky duşuşyk tamamlandy, Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi “Ahal” ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän Marynyň “Energetigini” kabul etdi.

Çempionatyň birinji ýarymyndan soň, çempionlyk ugrunda göreşýän “Ahal” birnäçe oýunçysyny ýitirdi: Gurban Annaýew bilen Berdimyrat Rejepow “Hazyna”, Berdi Hotdyýew bolsa “Köpetdaga” geçdi. Olaryň ýerine bolsa “Altyn asyryň” ýarym goragçysy Myrat Annaýew topara goşuldy.

Duşuşyk “Ahalyň” futbolçylarynyň artykmaçlygynda geçdi, olar duşuşygyň her ýarymynda bir pökgi geçirdiler. 37-nji minutda burçdan oýna girizilen pökgä Mihail Titow ilkinji bolup ýetişdi we hasaby açdy. Ikinji golda myhmanlaryň derwezeçisi Farhat Bazarow gödek ýalňyş goýberdi. Onuň oýna girizen pökgüsi Altymyrat Annadurdyýewiň döşüne degip, derwezä girdi. Bu Altymyradyň çempionatdaky 16-njy pökgüsidir. Ol bu görkeziji boýunça ikinji orunda barýan “Altyn asyryň hüjümçisi” Süleýman Muhadowyň yzyndan ýetdi.

Guwançmuhammet Öwekowyň şägirtleri 2:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, “Altyn asyrdan” yza galmagyny 7 utuga çenli ýygyrdy. Ýöne “aragatnaşykçylaryň” ätiýaçda bir oýny bar, ol şu gün giçlik “Köpetdag” stadionynda geçiriler.

Paýtagtda bolan ikinji duşuşyk onda AFK-nyň prezidentiniň Kubogynyň eýeleri — HTTU-nyň we “Balkanyň” duşuşýandygy bilen gyzyklanma döretdi. Öz garşydaşyndan tapawutlylykda “Balkan” milli çempionatyň ikinji ýarymyna Türkiýäniň Gardepe şäherinde taýýarlandy. Topar bu ýerde geçiren 10 günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda dört ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Olaryň üçüsinde, şol sanda Eýranyň “Fuladyndan” ýeňildi (0:3), Türkiýäniň üçünji ligasynyň “Sanjakdepesi” bilen bolsa deň oýnady (1:1).

HTTU bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aly Gurbanynyň şägirtleri 37-nji minutda hasaby açdylar. Aşyrgeldi Ylýasow pökgini sag gyradaky Myrat Ýagşyýewe berdi, onuň bolsa jerime meýdançasyna gönükdiren pökgüsini Amir Gurbany derwezä gönükdirdi.

Arakesmeden soň, Samarkandyň “Dinamosyndan” “Balkana” geçen Aleksandr Boliýan tapawutlandy. Ol çep gyradan öňe okdurylyp, goragçylaryň deňinden geçip, hasaby 2:0-a ýetirdi. Şondan soň, “Balkanyň” futbolçylary birneme köşeşdiler. Munuň özi ýer eýeleriniň bir jogap pökgüsini geçirmegine getirdi, 79-njy minutda Annasähet Annasähedow tapawutlandy.

Netijede “Balkan” 2:1 hasabynda wajyp ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibinde 3-nji orunda ýerleşdi.

Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 19-njy tapgyry 9-njy awgustda “Altyn Asyr” —  “Hazyna”, “Daşoguz” — “Şagadam”, “Merw” — “Aşgabat” duşuşyklary bilen dowam etdiriler.

Maglumat toplamagy halaýanlara duşuşygyň sanlaryny we delillerini hödürleýäris.

HTTU — “Balkan” — 1:2 (0:1)

8-nji Awgust. Aşgabat. Halkara türkmen türk uniwersitetiniň stadiony. 100 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Annasähet Annasähedow 79 – Amir Gurbani 37, Aleksandr Boliýan 58.

Duýduryş alan: Gurbangeldi Batyrow 45 (HTTU).

Emin: Begenç Allaberdiýew.

Duşuşygyň inspektory: Jamil Mamedow.

 

"Ahal" – "Energetik" – 2:0 (1:0)

8-nji awgust. Aşgabat. “Aşgabat” stadiony. 300 tomaşaçy.

Pökgüleri geçirenler: Mihail Titow 37, Altymyrat Annadurdyýew 80.

Duýduryş alan: Myrat Annaýew 66 ("Ahal").

Emin: Alibek Sapaýew.

Duşuşygyň inspektory: Batyr Orazsähedow.

9-njy awgusta çenli toparlaryň ýerleşiş tertibi

Iň köp pökgi geçirenler:

Myrat Ýagşyýew ("Balkan") – 18 pökgi (2 – 11 metrlik urgudan).

Altymyrat Annadurdyýew ("Ahal"), Süleýman Muhadow ("Altyn asyr") – ikisi hem 16 pökgi.

Hemra Amanmämmedow ("Şagadam") – 13 pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň