Mary welaýatynda jemi 14900 gektar meýdanda gant şugundyry ekildi

0
195
0
0

Mary welaýatynyň hasyl ussatlary hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynda jemi 14900 gektar meýdanda gant şugundyryny ekdiler. Şonuň bir müň gektaryny bu azyklyk ekiniň ýazlyk görnüşi tutýar.

Ýylyň başlaryna ekilip başlanan, şu güne çenli hem göwnejaý ideg-hyzmaty ýetirilen ekinler öz hasylyny sahylyk bilen eçilip başlady. Bereketli hasyly kemala getiren welaýatyň hasyl ussatlary ýazlyk gant şugundyryny ýygnamaga guramaçylykly girişdiler. Olar ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak üçin ähli güýji we tehnikany bu ugra gönükdirýärler.

Galladan boşan ýerlere irki möhletlerde ekilen güýzlük gant şugundyryndan hem kadaly gögeriş alyndy. Häzirki wagtda ýaňy ýerden saýlanyp ugran ýaş ekinlere göwnejaý ideg edilýär. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru