Galkynyş etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda möwsümara abatlaýyş işleri üstünlikli tamamlandy

16:1408.08.2015
0
1246

Galkynyş etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasynda möwsümara abatlaýyş işleri üstünlikli tamamlandy. Işçi-hünärmenleriň güýji bilen önümçilik bölümleriniň enjamlary we jaýlary doly abatlanyldy. Şeýle işler kärhanany çig mallar bilen üpjün edýän pagta kabul ediş harmanhanalarynyň 6-synda hem göwnejaý ýerine ýetirildi.

Kuwwatlylygy her ýylda pagtanyň 45 müň tonnasyny gaýtadan işlemäge niýetlenen kärhanada Galkynyş, Birata etraplarynyň we Seýdi şäheriniň daýhan birleşiklerinden kabul edilip alnan hasyl gaýtadan işlenilýär. Abatlaýyş işleriniň talabalaýyk geçirilmegi taýýarlanylýan önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Kärhanada önümleri abat saklamak meselesi hem üstünlikli çözülýär. Golaýda bu ýerde ýerli gurluşykçylar tarapyndan umumy meýdany 1440 inedördül metre barabar bolan ammaryň gurluşygy tamamlandy. Şeýlelikde, taýýar önümleriň ählisini ammarlarda saklamaga mümkinçilik döredi.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň