Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenpagta” döwlet birleşiginiň pagta ýygym möwsümine taýýarlyk görmek boýunça maslahat geçirdiler

16:1408.08.2015
0
5278

“Türkmenpagta” döwlet birleşiginiň welaýat önümçilik birleşiginiň hünärmenleri S.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda pagta ýygym möwsümine taýýarlyk görmek boýunça ýörite maslahat geçirdiler.

Maslahatda ýetişdirilen hasyly bellenilen möhletlerde zaýasyz ýygnap almak, “ak altyny” bökdençsiz kabul etmek, ýangyn howpsuzlygy, tehniki howpsuzlyk, taýýar önümler ammarlarynda işlemek meseleleri we beýlekiler barada giňişleýin gürrüň edildi.

Şu ýyl welaýatdaky pagta arassalaýjy kärhanalaryň we kabul ediş nokatlarynyň ählisinde taýýarlyk işlerine göwnejaý girişildi. Olaryň aglabasynda abatlaýyş işleri geçirildi, tutuş möwsümiň dowamynda işlediljek enjamlar abatlandy. Köpçülikleýin amala aşyrylýan bu çäreler pagta hasylyny gije-gündizleýin bökdençsiz kabul etmäge, kuwwatly enjamlary sazlaşykly işletmäge, işiň hil derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Köneürgenç etrabynda bir ýylda 40 müň tonna pagta arassalaýjy kärhananyň ulanylmaga berilmegi, şu ýyl Görogly we Akdepe etraplarynda şeýle kärhanalaryň ýanynda täze bölümleriň işe girizilmegi pudagyň iş geriminiň has-da giňeldilmegine ygtybarly şertleri döredýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň