Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen-türk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge we çuňlaşdyrmaga goşýan uly şahsy goşandyny aýratyn belledi

08:3208.08.2015
0
7120

7-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji – jemleýji güni Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

... Ir bilen döwlet Baştutany özüniň kabulhanasy ýerleşýän “Çiragan Palace” myhmanhanasynyň töwereginde gezelenç etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  günüň ikinji ýarymynda  Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň “Tarabýa”  köşgüne geldi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany Prezident Rejep Taýyp Ärdogan doganlarça garşylady.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä bu sapary diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem,  umumy taryhy kökleri bolan iki doganlyk halkyň barha berkeýän dostlugyny hem alamatlandyrýar.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. 

Soňra duşuşyk iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Prezident Rejep Taýyp Ärdogan ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berdi we döwletara hyzmatdaşlygynyň strategiki häsiýete eýedigini nygtady hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge uly şahsy goşandyny aýratyn belledi.

Türk lideri Türkiýäniň energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamy, senagat pudagy ýaly wajyp ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Türkiýäniň baştutany döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýan gumanitar ulgamda özara gatnaşyklar meselelerine ünsi çekip, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça däp bolan netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Syýahatçylyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Bu ulgamy ösdürmäge iki ýurtda-da uly ähmiýet berilýär.

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmäge taýýarlyk görýändigini aýdyp, türkiýeli hyzmatdaşlaryň bu ulgamda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmäge, Oýunlary ýokary derejede  guramak we geçirmek üçin kömek bermäge taýýardygyny nygtady.

Türkmenistanyň Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bizde ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy. Şunuň bilen baglylykda ýaýbaňlandyrylan  giň möçberli çäreleriň, şeýle hem özara Medeniýet günleriniň  iki doganlyk ýurt üçin ägirt uly ähmiýeti bardyr diýip, türk Lideri aýtdy.

Prezident Rejap Taýyp Ärdogan şeýle hem Türkmenistany aprel aýynyň üçünji ongünlüginden oktýabr aýyna çenli Antaliýada geçiriljek “Expo 2016” Bütindünýä botanika sergisine gatnaşmaga çagyrdy.

Türk lideri iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän türkmen-türk hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmekde we suňlaşdyrmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsy goşandyna ýokary baha berip, bu gatnaşyklaryň diňe bir ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin däl-de, eýsem tutuşlygyna sebitiň durnukly ösüşi, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde ägirt uly ähmiýete eýedigini nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Milletiň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin Prezident Rejap Taýyp Ärdogana ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň we halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň mizemezdigini nygtady.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler, köpasyrlyk taryhy gatnaşyklar, doganlyk däp-dessurlary we bilelikdäki tejribe biziň halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrüldi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, haryt dolanyşygynyň möçberleriniň yzygiderli artmagy doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Haryt dolanyşygynyň möçberlerini ýakyn ýyllarda ep-esli artdyrmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Türkmen döwletiniň Baştutany şeýle hem nebitgaz, ulag, elektroenergetika, gurluşyk, senagat we gaýtadan işleýän pudaklarda, beýleki ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň köpsanly anyk mysallaryny getirip boljakdygyny kanagatlanmak bilen belledi. Bu ulgamlarda türk kompaniýalaryna iri taslamalar ynanyldy.

Bu babatda dokma senagaty has ýokary görkezijilere eýedir. Şonuň bilen birlikde, heniz hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçilikleri doly herekete girizilmeýär. Türkmenistanyň şol sanda syýahatçylygy, ýurdumyzyň bäsleşige ukyply ýangyç-energetika we ulag toplumyny hem-de deňiz porty düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly ägirt uly meýilnamalary täze mümkinçilikleri açýar.

Ulag-kommunikasiýa pudagy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. 2013-nji ýylda iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze halkara deňiz porty ýurtlary we halklary birleşdirmäge ýardam berer we tutuş yklymyň uly ähmiýetli logistika merkezine öwrüler.

Bu babatda Türkiýe ýurduň ykdysadyýetinde uly ähmiýete eýe bolan ösen we işler göwnejaý ýola goýlan deňiz port hojalygyna eýedir, bu bolsa deňiz-ulag ulgamynyň işini guramakda Türkmenistan üçin uly gyzyklanma bildirilýän pudakdyr.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň taslamasyny taryhy gurluşyk diýip atlandyrmak bolar, onuň durmuşa geçirilmegi biziň ýurdumyzy halkara hyzmatdaşlygynyň täze derejesine çykarar, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna doly derejede goşulyşmagyna ýardam berer hem-de möhüm üstaşyr geçiriji merkez hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrar.

Köpsanly bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy  Türkiýäniň işewürlik toparlary üçin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny açýar hem-de maýa goýumy üçin amatly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda olaryň ornuny berkitmäge şert döreder, bu bolsa ykdysady ulgamda, şol sanda energetika we ulag pudaklarynda, maýa goýum işlerini giňeltmäge   bilelikdäki düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. .

Syýahatçylyk ulgamy özara gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.  "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça taslamany durmuşa geçirmek babatda Türkiýäniň kuwwatly şypahana düzümini kemala getirmekdäki tejribesi Türkmenistan üçin uly gyzyklanma döredýär.  Bu tejribe bolsa şol ulgamdaky öňdebaryjy gazanylanlara hem-de iň ýokary görkezijilere esaslanýar. Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti üçin geljegi uly bolan bu pudakda tagallalaryň birleşdirilmegi örän netijeli bolar.

Türkmenistan we Türkiýe ylym we bilim ulgamlarynda hem netijeli gatnaşyklaryň uly tejribesini topladylar. Bu tejribe bolsa döwletara gatnaşyklaryny iş ýüzünde ösdürmek üçin ygtybarly esasy döredýär. Aşgabatda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň täze binasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Biziň talyplarymyzyň müňlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okap, ýokary hilli bilim we zerur bolan hünärleri ele alýarlar.

Medeniýet, gumanitar ulgamlarda özara gatnaşyklary ösdürmek, türkmen we türk halklarynyň taryhy hem-de arheologiki mirasyny aýawly saklamak hem uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow TURKSOÝ-yň ugry boýunça özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär, onuň çäklerinde köpsanly medeni çäreler guralýar diýip belledi.

Syýahatçylyk ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bar. "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda döwrebap düzümleýin desgalaryň ençemesiniň gurulmagy hem türkiýeli hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklaryň netijesi bolup durýar. Bu ulgamda toplanan tejribe bu işiň gerimini has-da giňletmek üçin ygtybarly binýady döredýär.

Türkmen Lideri Türkiýäniň iri işewürlik toparlarynyň wekilleri bilen düýn bolan duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirdi we möhüm meseleleriň ençemesini hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik beren bu işewürlik çäresiniň ýokary derejede guralandygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany türk kompaniýalaryny umumy uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çagyrdy. Bu gaz geçirijisi Aziýa sebitiniň döwletleriniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge we durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşmalydyr.

Türkmenistanyň Baştutany doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Ikitaraplaýyn duşuşyk we geçirilýän netijeli gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr. Milletiň Lideri Prezident Rejap Taýyp Ärdogana berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler, Türkiýäniň doganlyk halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi. 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  Türkiýäniň Baştutany Rejep Taýyp Ärdogany türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Türk Lideri Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy üçin kärdeşine hoşallyk bildirip, ählumumy abadançylygyň, parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine türkmen-türk dostlugynyň mundan beýläk-de berkidiljekdigine, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygynyň giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Duşuşyk tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri mähirli hoşlaşyp, iki ýurduň  hyzmatdaşlygyň uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny işjeň gözlemegi dowam etdirmäge taýýardygyny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň