Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyz Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy

0
162
0
0

6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Gyrgyz Respublikasyna amala aşyran iki günlük döwlet saparyny tamamlady. 

Düýn irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew bilen Bişkegiň taryhy merkezinde ýerleşýän Ýeňiş meýdançasyndaky ýadygärlikler toplumyna bardylar.

Bu ýerde Prezidentler Baky alawyň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýdular. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanyp, Hormat garawulynyň rotasy we harby orkestr dabaraly ýöriş bilen geçdi.  

Çäre tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Bişkek şäheriniň “Manas-2” halkara howa menziline tarap ugur aldy.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary hoşlaşanlarynda, türkmen Lideriniň şu döwlet saparynyň türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň taryhynda täze möhüm sahypany açandygyny bellediler we ýokary derejedäki gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyryljakdygyna hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Almazbek Atambaýewe mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, uçara mündi we Bişkek şäherinden ugrady.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru