Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmengaz” döwlet konserni “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň lideri hökmünde saýlanyldy

18:4907.08.2015
0
4503

6-njy awgustda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan baş gaz geçirijisiniň taslamasy baradaky Ýolbaşçy komitetiň 22-nji mejlisiniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni biragyzdan “TAPI Ltd.” konsorsiumynyň lideri hökmünde saýlanyldy.

Şeýlelikde, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna gatnaşyjylar gaz geçirijisiniň gurluşygynyň başlanmagyna has golaýlaşdylar. Çünki, mälim bolşy ýaly, taslama boýunça deslapky işleriň ählisi diýen ýaly tamamlandy. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny satyn almak-satmak boýunça şertnamalar baglaşyldy, taslamanyň tehniki — ykdysady esaslandyrmasy gutarnykly işlenildi, Tranzaksion Geňeşçi (Aziýanyň Ösüş banky) bilen Ylalaşyga gol çekildi, “TAPI Ltd.” konsorsiumy döredildi. “Türkmengaz” döwlet konserni konsorsiumyň lideri hökmünde saýlanandan soň, taraplar ýakyn wagtda  paýdarlar ylalaşygyny ylalaşarlar, onda Direktorlar geňeşiniň agzalarynyň borçlary kesgitlenildi.

Gaz geçirijisiniň gurluşygyna şu ýylyň ahyryna çenli başlamak göz öňünde tutulýar, başlangyç tapgyrda iri “Galkynyş” gaz käni serişdeler binýady bolmalydyr. Konsorsiumyň lideri hökmünde “Türkmengaz” döwlet konserni TOPH gaz geçirijisini gurmak, maliýeleşdirmek, eýeçilik etmek we ulanmak boýunça özara gatnaşyklara ýolbaşçylyk eder.

Türkmen gazy Hindistanyň we Pakistanyň “mawy ýangyja” bolan artýan isleglerini kanagatlandyryp biler. Şol döwletlerde bu islegler 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp biler. Mundan başga-da, üstaşyr geçirýän Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. Bangladeş hem bu taslama gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň ilkinji transmilli gaz geçirijisine eýe bolar. Häzirki wagtda bu ýurt gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony tankerler bilen getirýär.

Taslamanyň tehniki-ykdysady  esaslandyrmasyna laýyklykda, uzynlygy 1800 kilometre barabar bolan TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň iri gaz ýataklary ýerleşýän günorta-gündogar sebitinden badalga alar hem-de Owganystanyň we Pakistanyň çäginden geçip, pakistan-hindi serhedindäki Fazilka diýen ilatly ýere (Hindistan) baryp ýeter. Gaz geçirijisi boýunça ýylda 33 milliard kub metre çenli türkmen tebigy gazy uzakmöhletleýin esasda iberiler.

Bu barada TDH-nyň berýän habarynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň