Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti Owganystanyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylary

18:1107.08.2015
0
6854

6-njy awgustda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasy boldy, oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Milletiň Lideriniň Buýrugyna laýyklykda çaga dogrulýan öýi Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen gurlar.

Biziň ýurdumyz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini ösdürmäge, goňşy ýurduň asuda durmuşyny dikeltmäge iş ýüzünde uly goşant goşýar. Goňşy ýurduň halkyna yzygiderli goldaw bermek bilen, Türkmenistan tutuş sebitiň bähbidine däbe öwrülen gatnaşyklary has-da ösdürmegi ugur edinýändigini tassyklaýar.

Owgan tarapynyň hoşallyk duýgusy bilen belleýşi ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz Owganystany parahatçylykly dikeltmäge gatnaşyp, onuň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna ýardam edýär. Ýakyn goňşy bolmak bilen Türkmenistan hereket edýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň çäklerinde birnäçe taslamany, şol sanda owgan halkyny elektrik energiýasy, şeýle hem suwuklandyrylan gaz bilen üpjün etmek boýunça taslamalary amala aşyrýar.

Türkmen hünärmenleri Owganystanyň çäginde möhüm ykdysady desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Bu ilkinji nobatda durmuş desgalary, elektrik geçiriji ulgamlar bolup, olar türkmen elektrik energiýasyny owgan halkyna ýetirýär. Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen hünärmenleri baglaşylan şertnamalaryň çäklerinde elektrik üpjünçilik desgalarynyň birnäçesini, şol sanda podstansiýalary we elektrik geçiriji ulgamlary gurdular. Olaryň gurluşygy geljekde hem amala aşyrylar. Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamynda hem owgan raýatlaryna muztsuz kömek berýär. Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen tarapynyň serişdeleriniň hasabyna Owganystanda, hususan-da, saglyk öýi we mekdep guruldy.

Bulardan başga-da, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklarynyň esasynda Türkmenistanyň dürli okuw mekdeplerinde owgan talyplarynyň onlarçasy dürli hünärler boýunça bilim alýarlar. Şeýlelikde, gumanitar ulgamda üstünlikli türkmen-owgan hyzmatdaşlygy öz beýanyny tapýar. Çünki Owganystanyň ýaşlarynyň Türkmenistanda alýan bilimleri olara  öz ýurduny öňdäki orunlara çykarmaga ukyply ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişmegine mümkinçilik berer.

Doganlyk ýurda ynsanperwerlik kömegini yzygiderli bermek maksadynda degişli çäreleriň toplumyny, şol sanda durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyny, söwda merkeziniň açylmagyny, ynsanperwer ýükleriniň iberilmegini we beýlekileri öz içine alýan maksatnama taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň