Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde ynsanperwer halkara hukuk şertnamalar ýygyndysynyň tanyşdyrlyşy boldy

0
612
0
0

5-nji awgustda Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetinde ynsanperwer halkara hukuk şertnamalar ýygyndysynyň –türkmen diline terjime edilen Ženewa konwensiýalarynyň we oňa Goşmaça teswirnamalaryň tanyşdyryş çäresi boldy. Bu çäre Halkara Gyzyl haç komiteti we Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň howandarlygynda geçirildi. Çärä adam hukuklaryny, halkara ynsanperwer hukugyny goramak boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky pudagara toparyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, 1863-nji ýylyň fewralynda döredilen  Halkara Gyzyl Haç  komiteti, ählumumy parahatçylygyň bähbidine ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, howpsuzlygy we durnukly ösüşi gazanmaga ýardam edýän  Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Halkara hereketini başlady. Bu halkara hereketi Gyzyl Haç Halkara komitetini, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara jemgyýetleriniň federasiýasyny, dünýäniň 189 ýurdunyň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetlerini öz içine alýar.

Tanyşdyryş çäresiniň barşynda oňa gatnaşanlar tarapyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy bilen Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýşyny we saglygyny goramaga, türkmen halkynyň ynsanperwerlik, haýyr-sahawat, birek-birege kömek bermek ýaly asylly däpleriniň  esasynda jemgyýetiň ýokary ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ýaly möhüm işleri ýerine ýetirmäge ýardam edýändigini  bellediler. Adam hukuklaryny we halkara ynsanperwer hukuklary boýunça Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bu ugurda bilimleri wagyz etmegi öz işiniň möhüm ugry hasaplaýar.

Halkara ynsanperwer hukuklary boýunça halkara ylalaşyklaryň türkmen dilinde çap edilen toplumynyň bu tanyşdyryş çäresi muňa şaýatlyk edýär. Terjime “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gyzyl Haç halkara komitetiniň arasynda 2015-nji ýylda hyzmatdaşlygyň meýilnamasyna”  laýyklykda Halkara Gyzyl Haç komitetiniň we  Türkmenistanyň Halkara Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň  bilelikdäki tagallalary bilen ýokarda agzalan  Pudagara toparyň gatnaşmagynda taýýarlanyldy.

Çärede oňa gatnaşanlara Halkara Gyzyl Haç komitetiniň işi barada wideofilm görkezildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru