Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

0
560
0
0

Bişkek şäherindäki “Ala-Arça” döwlet kabulhanasynyň Maslahatlar binasynyň Metbugat maslahaty zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlansoň, Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler. Onuň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet saparynyň maksatnamasynyň çäklerinde şu gün geçirilen gepleşikleriň jemlerine garaldy.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplaryň iki ýurduň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň berkidilmegine we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygy tassyklanyldy.

Bellenilişi ýaly, türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ýagdaýy we ony mundan beýläk hem giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna we geljegine hem-de ählumumy ösüş meýillerine bolan garaýyşlaryň umumylygy bilen şertlenendir. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň sebitleýin hem-de haklara derejesinde, öňi bilen bolsa BMG-niň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň meselelerine seredildi.

Döwlet Baştutanlary özara peýdaly gatnaşyklaryň, şol sanda energetika, ulag-aragatnaşyk  syýahatçylyk we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellediler. Gepleşikleriň barşynda özara eksport  we import edilýän harytlaryň görnüşlerini artdyrmagyň, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň bar bolan mümkinçiliklerini ulanmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanlary Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň başlamagynyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, taraplar onuň çäklerinde has ysnyşykly gatnaşyk etmek babatda ylalaşdylar.

Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-gumanitar gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Ylym we bilim, medeniýet we sungat, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gyrgyzystana döwlet sapary dowam edýär.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru