Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

12:2905.08.2015
0
1304

4-nji awgustda türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy. Iki dostlukly döwletiň Liderleri — Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu medeni çäre beýik iki medeniýetleriň we halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm goşant bolmagyna gönükdirilendir.

HHR-iň Medeniýet günlerini geçirmek üçin Türkmenistana gelen wekiliýetiň düzümine HHR-iň Edebiýat we sungat işgärleriniň Bütinhytaý assosiasiýasynyň, Hytaýyň akrobatlar assosiasiýasynyň, Syçuan we Szýansu welaýatlarynyň edebiýat we sungat işgärleriniň assosiasiýasynyň, opera, amaly-haşam we akrobatika sungatlarynyň ussatlarynyň ýolbaşçylary girdiler.

HHR-iň wekiliýeti Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde kabul edildi, şol ýerde medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynda iki ýurduň mundan beýläkki özara gatnaşyklarynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Pikir alyşmalaryň barşynda myhmanlara Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berildi. Medeni-ynsanperwer ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek şol ileri tutulýan ugurlaryň biridir.

Agşamara Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy.

Çäräniň dabaraly bölegi tamamlanandan soň, guralan konsertiň maksatnamasyny Pekiniň opera aýdymçylarynyň we akrobatlar toparynyň çykyşlary düzdi.

Owadan lybaslar, milli sazlar, ajaýyp akrobatiki çykyşlar tomaşaçylara gadymy we häzirki zaman Hytaýyň ruhuny duýmaga, nesilden-nesle geçirilip gelinýän haýran galdyryjy horeografiýa hem-de sirk sungatynyň güýjüne baha bermäge mümkinçilik berdi. Bütin dünýä belli Dalýan akrobatika toparynyň artistleri   çykyşlarynda tans hereketlerini, maşk tilsimlerini akrobatiki emeller bilen täsin baglanyşdyrdylar.      

HHR-iň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň maksatnamasynda 5-nji awgustda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty döwlet muzeýinde açylýan sergi bar. Onda Hytaýyň fotosuratkeşleriniň altmyşdan gowrak işi görkeziler. Olaryň aglaba bölegini mähriban ülkeleriniň täsin tebigatyna bagyşlanan işler düzýär.

Sergä gelenlere Hytaýyň medeniýetiniň we sungatynyň gymmatlygy, ýagny iki müň ýyldan gowrak taryhy bolan Suçžou el işleri görkeziler. Sergide geçen asyryň 50-nji ýyllarynda el işlerinde öz ýoluny döreden ussat Žen Hoýsýanyň şägirtleriniň we täsin döredijilik işleriniň otuza golaý bar. Sergä gelenler ussadyň sapak bermegi bilen, şeýle täsin, özboluşly çeper eseriň döreýşini görüp bilerler.

Şol gün hem Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Hytaýyň akrobatika sungatynyň wekilleri ussatlygyny görkezerler.

Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti Hytaý Halk Respublikasynyň ýurdumyzdaky Medeniýet günleriniň jemini jemlär. Ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 6-njy awgustda bolar.

Myhmanlar üçin baý medeni maksatnama taýýarlanyldy. Onda «Köne Nusaý» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, paýtagtymyzyň muzeýlerine hem-de Aşgabadyň gözel ýerlerine baryp görmek göz öňünde tutulýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň