Şu gün türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş saparynda bolýar

0
193
4
0

Şu gün türkmen wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynda gulluk iş sapary bilen bolar. Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistanyň doganlyk owgan halkyna saglygy goraýşy ösdürmekde ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde guruljak 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar.

Sebitde Türkmenistan tarapyndan durmuş hajatly binalaryň ýene-de birnäçesi gurlar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarynda aýdylýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru