Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Ýaponiýa özara peýdaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassykladylar

09:3505.08.2015
0
3536

4-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri Kentaro Sonourany hem-de Ýaponiýanyň DIM-niň Ýewropa departamentiniň Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary bölüminiň başlygy Jun Nanazawany kabul etdi.

Ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, iri halkara guramalarynyň ugry boýunça köptaraplaýyn esasda hem uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi barada gyzyklanma bildirilip geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda soňky ýyllarda täze depgine hem-de iş ýüzünde anyk hereketlere eýe bolan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň yzygiderli ösýän häsiýeti kanagatlanma bilen bellenildi.

Ýaponiýanyň daşary işler parlament wise-ministri öz ýurdunyň işewür hem-de maliýe toparlarynyň tutuş dünýäniň ygtybarly maýadarlaryny we kompaniýalaryny barha özüne çekýän Türkmenistan bilen has işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. Şeýle hem jenap Kentaro Sonoura milli Liderimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerine, ony işjeňleşdirmegiň mümkin bolan ýollaryna bolan gözleglere, şol sanda iş ýüzünde özüniň netijelidigini äşgär eden dürli derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowam etdirilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hoşallyk bildirdi. Munuň özi Ýaponiýanyň parlamentiniň ýanyndaky türkmen-ýapon dostluk toparynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Myhman türkmen topragynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň möçberlerine ýokary baha berip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine durmuşa geçirýän başlangyçlarynda täze üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutany we myhman hoşlaşanlarynda, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilmegine taýýardygyny ýene bir ýola tassykladylar. Söhbetdeşler dostluk gatnaşyklarynyň, türkmen hem-de ýapon halklarynyň arasyndaky ynanyşmak we birek-birege düşünişmek esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň