Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezi işe başlady

07:3005.08.2015
0
9086

4-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Içeri işler ministrligine degişli täze bina edilen Uçarmansyz uçýan enjamlar merkezine geldi. Merkeziň ýanyndaky meýdançada ýurdumyzyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Ýurdumyzyň içeri işler ministri I.Mulikow  Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň işe başlamaga taýýar edilendigi barada hasabat berdi.    

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda toý bagyny kesip, merkeziň baş binasyna girdi.

Bu ýerde hünärmen binanyň eýwanynda oturdylan monitor arkaly merkezde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak mümkinçiliginiň bardygyny aýtdy. Görnüşi ýaly, merkeziň çäginde ýerine ýetirilýän işler, uçarmansyz uçýan enjamlary ýasamak, olary uçurmak, enjamlara degişli serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly işler toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti merkez bilen tanyşlygyň barşynda uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de enjamlary taýýarlamagyň aýratynlyklary, olaryň çyzgylary bilen içgin gyzyklanýar. Bu ýerde işleýän hünärmen merkezde uçarmansyz uçýan enjamlar, olaryň görnüşleri hem-de bu enjamlaryň häsiýetli aýratynlyklary barada ýörite çyzgylaryň, suratlaryň we beýleki serişdeleriň üsti bilen gürrüň berdi.

Soňra Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň tikinçilik bölümine bardy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti bölümiň enjamlaşdyrylyşy, merkezde işleýän harby gullukçylar üçin taýýarlanýan lybaslar, olaryň görnüşleri, şeýle hem uçarmansyz uçýan enjamlar üçin paraşýutlary tikmegiň tehnologiýasy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň radioelektron bölümi bilen tanyşlygyň barşynda uçarmansyz uçýan   enjamyň her bir şaýlary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary we döwrüň ösen talabyna laýyk gelýändigi bilen içgin gyzyklandy. Hünärmen bu ýerde ýasalýan enjamlaryň halkara ülňülerine we ýokary hil derejesine laýyk gelýändigi, olaryň dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň radioelektron ulgamlary bilen enjamlaşdyrylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti binadan çykyp, Uçarmansyz uçýan enjamlar merkeziniň ýörite meýdançasynda  Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde işjeň ulanylýan tehnikalaryň birnäçe täze görnüşleri bilen tanyşdy. Olaryň hatarynda ministrligiň dürli düzümlerinde ulanylýan awtoulaglar, ýangyn söndürijiler, harby gullukçylaryň meýdan şertlerinde bolmagyny üpjün edýän ýöriteleşdirilen tehnikalar we beýlekiler bar. 

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, Içeri işler ministrliginiň gulluklarynyň iş netijeliligini ýokarlandyrmak, düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we bu ugra dünýäniň ösen tehnologiýalaryny we kämil tehnikalaryny ornaşdyrmak babatda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.

Soňra Merkeziň serkerdesi Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowdan uçarmansyz uçýan enjamlaryň bu ýerde taýýarlanan ilkinji nusgalarynyň synag uçuşyny amala aşyrmaga ak pata bermegi haýyş etdi. Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen merkezde taýýarlanylýan enjam asmana göterildi.

Hünärmen uçarmansyz enjama birikdirilen wideokameranyň düşürýän şekillerini bu ýerde oturdylan monitorda görüp bolýandygyny habar berdi. Milli Liderimiz uçarmansyz uçýan enjamyň düşürýän şekillerini synlady we enjamyň haýsy belentlikden uçýandygy, onuň uçuşynyň dowamlylygy  bilen gyzyklandy.

Hünärmen uçarmansyz uçýan enjamyň dürli belentlikde hereket edip bilýändigini, onuň kömegi bilen zerur maglumatlary we şekilleri alyp bolýandygyny, iň esasy bolsa, enjamy islendik ýerde oňa berkidilen paraşýut abzaly arkaly gonduryp bolýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  bu ýerde “Asuda asman” atly uçarmansyz uçýan enjamyň ilkinji nusgasyna gol çekdi we belent mertebeli myhmanlar üçin nietlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň