Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gyrgyzystanda bolar

11:2304.08.2015
0
2402

5-6-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji gezek döwlet sapary bilen Gyrgyzystanda bolar.

Ikitaraplaýyn duşuşyklarda syýasy gepleşikleri ösdürmäge, Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerine, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklara degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Döwlet saparynyň barşynda bilim, ylym, medeniýet, oba hojalygy ýaly ulgamlarda, şeýle hem iki ýurduň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekmek bellenilýär.

Şu gün döwlet saparynyň öňüsyrasynda Bişkekde iki ýurduň ugurdaş döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň gatnaşmagynda “Gyrgyzystan — Türkmenistan” işewürler maslahaty öz işine başlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň