Ýurduň gazanýan üstünlikleri her bir türkmenistanlyny guwandyrýar, olaryň öz Watanyna bolan buýsanjyna buýsanç goşýar

0
776
0
0

Ak mermerli Aşgabatda, welaýat we etrap merkezlerinde gurlup ulanylmaga berilýän medeni ojaklaryň, seýilgähleriň, dynç alyş merkezleriniň, ýokary amatlylygy bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, iri sport desgalarynyň hem-de ykdysady maksatly binalaryň sany barha artýar. Munuň özi her bir türkmenistanlynyň ruhuny göterip, olaryň Watana bolan buýsanjyny goşalandyrýar.

Şu ýylyň 20-nji iýulynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda täze iri saglygy goraýyş binalarynyň açylyş hem-de saglygyň köpugurly düzüminde nobatdaky ýöriteleşdirilen toplumyň düýbüni tutmak dabarasy  boldy. Şanly seneler mynasybetli guralan dabaraly çärelere Türkmenistanda  saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler syýasatyny durmuşa geçirýän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow  gatnaşdy.

Paýtagtymyzda Okuw-ylmy merkezi, Halkara kardiologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynda Baş dermanhana birleşiginiň ammarlar toplumy,  Tejen şäherinde ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi ulanmaga berildi. Mundan başga-da, Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endrokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Bu desgalaryň taslamalary toplumlaýyn çözgütler esasynda durmuşa geçirildi. Olaryň taslamalaryndan başlap, gurluşygyna, enjamlaşdyrylyşyna çenli ähli ugurlary buýrujynyň islegine görä amala aşyryldy.

Täze lukmançylyk merkezlerinde işgärleriň netijeli işlemegi we  näsaglara ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Otaglaryň oýlanyşykly enjamlaşdyrylyşy, bezegi, olaryň ähmiýeti babatda ýerleşişi, binagärlik çözgütleri amatly ýagdaýy döredýär. Munuň özi merkeze gelýänler üçin aňrybaş amatlylygy üpjün edýär. Alymlar saglygy goraýyş edaralarynyň oýlanyşykly çözgüdiniň, olaryň daşky we içki bezeginiň, umuman, toplumyň gurluşynyň näsaglaryň ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýändigini hem-de olaryň tiz sagalmagyna ýardam edýändigini belleýärler.

Şeýlelikde, bu  giň möçberli binagärlik desgalary milletiň Lideri  Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladasy we tagallasy netijesinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň üstüni ýetirdi. Saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap binalary ýurdumyzyň lukmançylygynyň esasyny düzýär.  Häzir gürrüň diňe bir iri, ähmiýetli desgalar babatda däl-de, eýsem, tutuş saglygy goraýyş ulgamynyň toplumlaýyn ösdürilmegi barada barýar. Diýarymyzyň ähli şäherlerinde hem-de obalarynda saglygy goraýyş merkezleri açylýar, olarda zerur, döwrebap şertler üpjün edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru