21-nji sentýabrdan “Ukrainanyň halkara howaýollary” awiakompaniýasy Kiýew bilen Aşgabadyň arasynda gatnawlary ýola goýýar

15:3302.08.2015
0
3237

 “Ukrainanyň halkara howaýollary” awiakompaniýasy (UHH) 2015-nji ýylyň 21-nji sentýabryndan başlap Kiýew bilen Aşgabadyň arasynda wagtly-wagtynda göni gatnawlary amala aşyryp başlar. Bu barada awiakompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.

Gatnawlar hepdede iki gezek iki derejeli hyzmatlar (işewür we tygşytly) boýunça “Boeing—737” uçarynda amala aşyrylar.

Gatnawlar Kiýewden Aşgabada duşenbe we çarşenbe günleri amala aşyrylar.

1992-nji ýylda esaslandyrylan UHH iri ukrain kompaniýasy bolup durýar. Esasy aeroporty — Borispol. Awiakompaniýanyň hasabynda 31 uçar bar. Olaryň 27-si orta aralyklara, dördüsi bolsa uzak aralyklara niýetlenendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň