Geçen hepdede TDHÇMB-de bolan söwdalarda 6 million 918 müň manatdan gowrak geleşik hasaba alnydy

0
530
0
0

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Yrakdan, Owganystandan we Panamadan  gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtoulag benzinini, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, tehniki kerosini, az kükürtli ýangyç mazutyny satyn aldylar.  

Şweýsariýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Mundan başga-da daşary ýurt puluna arassalalan pagta ýagy, nah ýüplükler we pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Ukraina, Gyrgyzystan, Täjigistan we beýlekiler. Geleşikleriň umumy  bahasy ABŞ-nyň 97  million 678 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Slowakiýadan gelen işewürler umumy bahasy 6 million 918 müň manada deň bolan arassalanan pagta ýagyny we nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 378 müň manatlyk polipropilen (TNGIZT) satyn aldylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru