Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Kubogyna ilkinji gezek gatnaşýan toparlar ýeňiji boldy

12:1902.08.2015
0
13208

1-nji awgustda Türkmenistanyň futbol Kubogyny almak ugrundaky duşuşyklara badalga berildi. Şol gün bolan duşuşyklaryň ikisi hem Baýramaly şäherindäki sport toplumynda geçirildi.

Sagat 18:00-da başlan ilkinji duşuşykda Mary şäheriniň «Merw» futbol topary şu ýyl döredilen we milli çempionatymyzyň 1-nji ligasynda şowly çykyş edýän Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» toparyny kabul etdi. Janköýerleriň aglabasy bu duşuşykda ýokary liganyň wekiliniň — «Merwiň» ýeňmegine garaşan hem bolsa, duuşykda janköýerlerini begendirmegi başaran topar «Köpetdag» boldy. Türkmenistanyň Kubogynda ilkinji gezek çykyş edip görýän myhmanlar duşuşygyň 42-nji minudynda toparyň kapitany Welsähet Öwezowyň goly bilen öňe saýlandylar. Şu hasap duşuşygyň ahyryna çenli üýtgemedi we «Köpetdag» öz meýdanynda boljak jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk  gazandy.

Şol gün şu sport toplumynda bolan ikinji duşuşykda ýokary liganyň täze wekili «Energetik» Daşoguz şäheriniň adybir toparyny kabul etdi. Duşuşyk turuwbaşdan ýer eýeleriniň artykmaçlygy bilen başlady we «Energetik» 25-nji minutda ezber hüjümçi Kerim Hojaberdiýewiň tapawutlanmagy bilen 1:0 öňe saýlandy. Şondan 9 minut soňra «Energetigiň» futbolçylary 11 metrlik jerime urgusyny gazandylar. Jerime urgusyny tomusky arakesme döwründe toparyň düzümine goşulan tejribeli futbolçy Mekan Nasyrow dürs ýerine ýetirip, ýer eýeleriniň artykmaçlygyny 2:0-a çykardy. Duşuşykda şu goldan soňra hasap açylmady.

Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň 4/1 finalyna çykmak üçin geçirilýän saýlama oýunlaryň jogap duşuşyklary 4-nji awgustda paýtagtymyzyň «Köpetdag» stadionynda we Daşoguz şäherindäki sport toplumynda bolar. jogap duşuşyklarynyň netijesinde iki sany ýeňiji orta çykarylyp, olar 4/1 finalda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» garşydaşy bolmak ugrunda göreşerler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň