Türkmenistanda gurulýan “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi türkmen ýangyjynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer

0
664
0
0

Türkmenistanda gurulýan, uzynlygy 800 kilometrden gowrak we geçirijiligi ýylda 30 milliard kubometre barabar bolan “Gündogar—Günbatar” gaz geçirijisi türkmen ýangyjynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. Onuň gurluşygyny dekabryň birinji ýarymynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Gaz geçiriji “Türkmengaz” we “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konsernleri tarapyndan gurulýar. Ol Mary welaýatyndaky “Şatlyk” gaz gysyjy desgasyndan gözbaş alyp, günbatar ugry boýunça Mary hem Ahal welaýatlarynyň çäklerinden geçer we Balkan welaýatynyň “Belek” gaz gysyjy desgasyna birikdiriler.

Bu taslamany durmuşa geçirmezden ozal, pudagyň hünärmenleri Malaý—Bagtyýarlyk, Türkmenistan—Hytaý, Döwletabat—Sarahs—Hangeran gaz geçirijileriniň gurluşygynda amaly tejribe topladylar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Teswir ýok
Рейтинг@Mail.ru